Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: 'Ýedinaýa Rossiýa' regionlarda, oppozisiýa Moskwada saýlawlarda öňe çykdy


Ses berişlik, Orsýetiň Rýazan regiony, 10-njy sentýabr, 2017
Ses berişlik, Orsýetiň Rýazan regiony, 10-njy sentýabr, 2017

Orsýetiň häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy ses berijileriň pes gatnaşyk derejesinde geçirilýän regional we ýerli saýlawlarda öňe saýlandy, emma Moskwada etrap geňeşlerine geçirilýän saýlawlarda liberal oppozision dalaşgärler has berk pozisiýa eýeläne meňzeýärler.

10-njy sentýabrda geçirilen saýlawlar 2018-nji ýylyň mart aýynda boljak prezidentlik saýlawlaryndan öňki uly ses berişlik bolup, uzakda ýerleşýän regionlarda Wladimir Putiniň häkimiýetini pugtalandyrdy we Kremliň ençeme ýylyň dowamynda oppozisiýany çetleşdirip, syýasy sistema gözegçilik etmegi boýunça täze strategiýasynyň synagy boldy.

Sesleriň tas ählisiniň sanalmagynyň netijesinde “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň dalaşgärleri we Kremliň ýaranlary, şol sanda häkimiýet başyndaky resmiler 15 regionda, şol sanda Baltiýa deňzindäki Kaliningrad we Baýkal kölündäki Burýatiýa regionlarynda, şeýle-de Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşan Gara deňzindäki Sewastopol şäherinde gubernator wezipelerine eýe bolmak ugrunda ýeňiş gazandylar.

Şeýle-de, “Ýedinaýa Rossiýa” tutuş ýurt boýunça regional we ýerli kanun çykaryjy organlaryna gözegçiligini güýçlendirene meňzeýär.

Emma oppozision liderler, şol sanda Kremliň tanymal tankytçylary Moskwanyň birnäçe etrabynda üstün çykandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG