Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Howpsuzlyk Geňeşi Phenýana garşy has berk sanksiýalary makullady


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý

11-nji sentýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk Koreýanyň altynjy we iň güýçli ýadro synagyndan soň oňa garşy sanksiýalary pugtalandyrmak boýunça ses berip, ýurduň dokma senagat önümleriniň eksportyny we çig nebitiň importuny çäklendirdi.

Bu karar 15 agzalyk Howpsuzlyk Geňeşiniň 2006-njy ýyldan bäri Demirgazyk Koreýa babatynda sanksiýalar bilen bagly biragyzdan kabul eden dokuzynjy rezolýusiýasydyr.

ABŞ-nyň diplomatlarynyň habar agentliklere aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar täze sanksiýalara garşy bolan Orsýetiň we Hytaýyň goldawyny gazanmak üçin doly embargo baradaky ozalky talabyny gowşadyp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň hasaplaryny doňdurmak teklibinden el çekipdir we rezolýusiýanyň düzümine Koreýa ýarymadasynda “parahatçylykly, diplomatik we syýasy” çözgüde çagyrmagy goşupdyr.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý täze çäreleriň Phenýany azyndan 800 million amerikan dollary möçberli girdejiden mahrum etjegini aýtdy we munuň ozalky sanksiýalar bilen bilelikde Phenýanyň eksport girdejileriniň 90% çemesini azaltjakdygyny belledi.

XS
SM
MD
LG