Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Aziada döwründe Çülüde dynç almak üçin 'çaga salgydy' salynýar


Türkmen okuwçylary

Aşgabat şäherindäki mekdepleriň mugallymlaryndan 4-nji we ondan ýokary klas okuwçylaryndan Aziada döwründe Çülüdäki çagalar dynç alyş merkezinde dynç almak üçin okuwçy toplamak talap edilýär.

Mugallymlar şu günler ene-atalar bilen gürleşip, her klasdan dört okuwçyny öz hasabyna dynç almaga yrmaga çalyşýar diýip, aşgabtly mugallymlaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Hasaplamalara görä, Aziada döwründe Aşgabat töweregindäki 100-den gowrak mekdebiň okuwçylary, dynç almaga gurby çatmasa, esasan öýlerinde bolmaly bolar.

Aýdylmagyna görä, her çaganyň Çülüde on gün dynçalmagy üçin azyndan 400 manat pul tölemeli, bu putýowkanyň bahasy. Munuň daşyndan, çagaň ol ýere baranda pylan hili eşikde bolmaly, plan hili sport lybasyny almaly diýip görkezme beriljeginiň hem ujy iki däl diýip, mugallymlar gürrüň berýärler. Onsoň, şol talap edilýän eşiklere çykjak harajatlary hem hasaplasaň, bir çaganyň dynç almagy üçin 600-700 manat çykarmaly bolýar.

Ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, häzir Türkmenistanda 600-700 manat ortaça bir maşgalanyň maşgala býujetini düzýär. Ýap-ýaňy çagalaryny mekdebe taýýarlan, olar üçin mekdep lybaslaryny we okuw esbaplaryny satyn alan ene-atalar bu hili goşmaça çykdaja garaşmandylar diýip, synçylar aýdýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda ýörite permana gol çekip, Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylaryny we ýörite mekdepleriň okuwçylaryny Aziýa oýunlarynyň geçýän günlerinde, 18-nji sentýabrdan 28-nji sentýabra çenli nobatdan daşary kanikula ugratdy.

Azatlygyň birnäçe çeşmesiniň maglumatyna görä, şu kanikul gürrüňi çykanyndan soň, mekdep ýolbaşçylary mugallymlara Çülide dynç almak üçin her klasdan dört okuwçy jemlemek tabşyrygyny berýärler.

“Ene-atalary telefonda gürleşip, yryp bilmeseňiz, öýlerine gidip, ýüzbe-ýüz gürleşiň, ýöne hökman her klasdan dört okuwçyny tapyň” diýip, mekdep direktory klas ýolbaşçylarynaaýtdy diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly mugallym Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi. “Direktorlara ýokardan, şäher we etrap bilim bölünlerinden, Bilim ministrliginden şeýle görkezme berlipdir” diýip, olsözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligine ýakyn ýerli synçynyň pikirine görä, her klasdan dört okuwçynyň dynç almaga yrylmagynyň talap edilmegi Çülüdäki dynç alyş merkezinde boş duran orunlaryň möçberi we Aşgabatdaky mekdepleriň umumy okuwçy sany bilen bagly.

Synçynyň pikiriçe, her klasdan dört okuwçy tapylsa, Çülüdäki merkezi çagalar dynç alyş merkeziniň orunlary 10 günläp çagadan dolýar.

Emma ene-atalar okuw ýylynyň başyndan çagalaryny dynç almaga ibermek islemeýärler we bu ozaly dynç alşyň bahasy, ene-atalaryň beýle harajat çekmäge taýýar däldigi bilen bagly.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan mugallymlaryň tassyklamagyna görä, häzir Aşgabadyň mekdepleriniň köpüsinden her klasdan çagasyny meýletin dynç almaga iberjek, ýagny muňa arkaýyn gurby çatýan dört ene-ata tapylmaz, sebäbi olaryň aglabasy gününi zordan aýlaýar, işsiz maşgalalar hem az däl.

Ýöne şäheriň merkezindäki elitnyý diýilýän mekdepler bar, fransuz dilindäki mekdep bar, käbir liseýler bar, ýa Puşkin adyndaky rus mekdebi bar, bu mekdeplerde adatça barjamly adamlaryň çagalary okaýar, şol mekdeplerden meýletin dynç aljak çagalaryň tapylmagy ahmal” diýip, mugallymlaryň biri aýtdy.

Aşgabadyň eteginde we paýtagta degişli bolan ýerlerde, Gökje, Bagyr, Bekrewe şäherçelerinde, demirýoldanaňyrdaky Hitrowkada adamlaryň işsizlik derejesi şäheriň merkezi bölegi bilen deňeşdirilende has-da agyr diýip, mugallymlar aýdýar.

Emma muňa garamazdan, Bilim ministrliginden berlen görkezmä laýyklykda, hepdäniň dördünji güni, 14-nji sentýabrda Aşgabatdan Çülüde dynç aljak çagalaryň sanawy taýýar bolmaly we olaryň maliýe tölegleri degişli bank hasaplaryna geçirilmeli.

“Biz ene-atalara ýalbarýarys, geljekde çagalaryna kömek etmegi wada berýäris, sebäbi ýokardan kötek güýçli” diýip, mugallymlaryň biri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Meniň bilşimden, mundan öň çagalary mejbury dynç alşa ugratmak diýen zat ýokdy. Ene-atalar, çagam kemsinmesin diýip, tomusky dynç alyşlara öňünden pul tygşytlaýardy, emma Aziada bizi ýene bir bergi-borja girmäge mejbur etjek” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk radiosyna aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG