Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň prezidenti Özbegistana, Türkmenistana sapar eder


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 16-njy sentýabrda Özbegistana döwlet sapary barar diýip, prezidentiň metbugat-gullugy habar berdi.

Nazarbaýewiň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleriniň dowamynda iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollary maslahat ediler diýlip habar berilýär. Şeýle-de Nazarbaýewiň özbek-gazak biznes forumyna gatnaşjakdygy aýdyldy.

17-nji sentýabrda Gazagystanyň prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana barar. Nazarbaýew 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

XS
SM
MD
LG