Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy (AÝ/AR) Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça suduna (ECHR) ýüzlenip, Azerbaýjanyň hökümeti tarapyndan öňe sürlen we kompaniýanyň sözlerine görä, “ýurduň içinden tas üç ýyl bäri habar berilmegini böwetleýän” aýyplamalar bilen baglylykda çözgüt tapmagy sorady.
AÝ/AR 13-nji sentýabra çap eden beýanatynda Strasburg suduna iýun aýynda ýüz tutandygyny mälim etdi.
Ýüzlenmede Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça konwensiýasyna salgylanylyp, onuň zerur wagtyň dowamynda adalatly suda bolan hukuklary hem kanun taýdan goralmak hakyny kepil geçýändigi bellenýär.
2014-nji ýylyň dekabr aýynda AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosy salgytdan gaçmak aýyplamasynyň esasyndaky iki sany iş bilen baglylykda döwlet gulluklarynyň reýdlerine sezewar edilipdi we ýapylypdy.
AÝ/AR bu aýyplamalary “esassyz” atlandyrýar.
“Biz bu işleri Azerbaýjanyň adalat sistemasynyň üsti bilen anyklaşdyryp bilmedik” diýip, AÝ/AR-nyň prezidenti Tomas Kent beýannamada belleýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.