Sepleriň elýeterliligi

Londonyň metrosynda bolan partlamada ýaralananlaryň bardygy habar berilýär


Londonyň metrosynyň Parsons Green stansiýasy, 15-nji sentýabr, 2017

Londonyň polisiýasy 15-nji sentýabrda metroda dörän ýangyny we habar berilýän partlamany "terrorçylyk akty" hökmünde derňeýändigini aýtdy.

Britaniýanyň mediasy Londonyň metrosynyň günorta-günbatarynda otluda ak reňkli gapyrjagyň partlandygyny habar berdi.

Polisiýa Londonyň metrosynyň Wimbledon liniýasynda bolan “bu waka” babatynda çäre görýändigini 15-nji sentýabrda tassyklady.

Şaýatlaryň biri özüniň Parsons Green stansiýasynda otluda bolan wagtynda “şugully” sesini eşidip indiki wagonda ýangynyň dörändigini Reuters agentligine gürrüň berdi.

Ilkinji maglumatlarda köp ýaralananlaryň bolandygy, şol sanda ýüzüniň ýanmagyndan ejir çeken adamlaryň bardygy çak edildi.

Şeýle-de Reuters şaýada salgylanyp, Parsons Green stansiýasynda ýolagçylaryň basa-baslygynda ýaralananlaryň bolandygyny habar berdi.

Ýaralananlara kömek etmek üçin baran tiz kömek we howply ýagdaýlarda tiz hereket ediji gulluklarynyň işleýän ýerine ýaragly polisiýa gözegçilik etdi.

Londonyň transport resmileri partlama barada habarlaryň peýda bolmagynyň yzýany metronyň Edgeware Road we Wimbledon stansiýalarynyň arasynda otly hereketiniň togtadylandygyny yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG