Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa polisiýasy Nawalnynyň kömekçisine edilen hüjümi derňeýär


Moskwa, Nikolaý Lýaskin we Alekseý Nawalny. Arhiw suraty

Moskwa polisiýasy oppozisiýadaky syýasatçy we korrupsiýa garşy kampaniýaçy Alekseý Nawalnynyň baş kömekçisine näbelli adam tarapyndan turbaly hüjüm edileninden soň, “bozgaklykda” güman edip, jenaýat derňewine başlady.

Moskwa polisiýasynyň sözçüsi 16-njy sentýabrda “Interfax” habar agentligine jenaýat işiniň açylandygyny we bir gün ozal Nikolaý Lýaskine hüjüm eden adamyň gözlenilýändigini aýtdy.

Nawalnynyň 2018-nji ýyldaky prezidentlik kampaniýasynyň Moskwadaky bölüminiň başlygy Lýaskin edilen hüjüm netijesinden beýni sarsmasyndan ejir çekdi we hassahanada bejergi aldy.

Bu ýurt boýunça Nawalnynyň tarapdarlaryna edilen tapgyrlaýyn hüjümleriň we azar bermeleriň iň täzesidir. Nawalnynyň özi aprelde ýüzüne sepilen himiki jisimden ejir çekdi. Emma polisiýa iýun aýynda, hiç kimi tussag etmezden, bu işiň derňewini ýapdy.

Nawalny prezident saýlawlaryna gatnaşmakçy bolýar, emma rus häkimiýetleri onuň saýlawa goýberilmejekdigini, sebäbi jenaýatda günäli tapylandygyny aýdýarlar. Nawalny bu aýyplamanyň syýasy äheňlidigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG