Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-nyň hasabatçysy rus peşgeşiniň sanksiýalar hasabatyna 'ýetiren täsirini' ret edýär


BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty. Arhiw suraty
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty. Arhiw suraty

BMG-nyň adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy Idris Jezaýri aprelde Orsýetdäki fakt-tapyş missiýasynda gelen netijelerine Russiýa Federasiýasynyň öz mandatyna goýberen 50 müň ABŞ dollarynyň täsir ýetirendigi barada aýdylýanlary ret etdi.

Alžirli diplomat Idris Jezaýri 15-nji sentýabrda 13-nji sentýabrda Ženewada, BMG-nyň Watch maglumat-wagyz toparynyň agzasy Hillel Neuer tarapyndan bildirilen aýyplamalara jogap berdi. Ozal Jezaýri özüniň “diskursiw belliklere” jogap berjek däldigini aýdypdy.

Orsýetiň döwlet metbugatyJezaýriniň hasabatyny öwdi. Ol hasabatda Orsýetiň ÝB we ABŞ Moskwa garşy, onuň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym regionyny bikanun anneksiýa edendigi we Gündogar Ukrainada pitneçilige meçew berendigi üçin girizen ykdysady sanksiýalary netijesinde, 55 milliard çemesi dollar ýitirendigi aýdylýar.

Jezaýriniň hasabatynda ýene ÝB-niň bu sanksiýalar zerarly her aýda 3.2 milliard çemesi dollar ýitirýändigi aýdylýar.

Jezaýri Orsýetiň döwlet kontrollygyndaky “Sputnik” habar gullugy bilen söhbetdeşlikde halkara jemgyýetçiligini syýasy pikir tapawutlaryny sanksiýalar arkaly däl, gepleşikler arkaly çözmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG