Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý, Orsýet ABŞ-nyň Phenýany saklamak üçin 'göni hereket' çagyryşyny ret edýär


Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa
Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa

Hytaý we Orsýet 15-nji sentýabrda Birleşen Ştatlaryň Demirgazyk Koreýanyň ýadro we raketa synaglarynyň öňüni almak üçin “göni herekete” çagyrmagyna garşy çykdy we bu howpy gepleşikler arkaly peseltmek Waşingtonyň özüne bagly diýdi.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa Orsýet şu hepde Phenýana garşy girizilen sanksiýalary durmuşa geçirer, emma şondan aňry geçmez diýdi.

Nebenziýa Howpsuzlyk geňeşiniň Demirgazyk Koreýanyň soňky ballistik raketa synaglaryny ýazgaran duşuşygyndan soň çykyp gürläp, BMG-nyň sanksiýalar baradaky rezolýusiýasy hem Demirgazyk Koreýa bilen gapma-garşylygy gepleşikler arkaly çözmäge çagyrdy, Waşington indi şol çagyryşy sylamaly diýdi.

XS
SM
MD
LG