Sepleriň elýeterliligi

Trampyň BMG-ni reformirlemek boýunça çagyryş etmegine garaşylýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 18-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu Ýorkdaky baş edarasynda geçiriljek duşuşykda, guramany reformirlemek boýunça global derejede goldaw tapmaga synanyşar.

BMG-ni häli-şindi tankytlaýan Tramp bu dünýä guramasynyň işini gowulandyrmak barada öz garaýyşlaryny beýan eder. Tramp 193 agzaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 19-nji sentýabr bilen 25-nji sentýabr aralygynda geçiriljek ýyllyk maslahatynda prezident wezipesinde ilkinji gezek çykyş eder.

Amerikan prezidenti guramanyň Baş sekretary Antonio Guterresiň we dünýäniň 120 ýurdunyň refomany goldap, gol çeken deklarasiýasynyň taslamasyna goşular.

Birleşen Milletler Guramasyna iň uly maliýe goşandyny goşýan Waşington maliýe goşandyny düýpli çäklendirjekdigini aýdyp haýbat aýtdy. Guterresiň bellemegine görä, bu iş gurama üçin “çözüp bolmajak problema” döreder.

Baş Assambleýa iýun aýynda guramanyň parahatçylygy goramak baradaky 8 milliard dollara golaý bolan ýyllyk býujetini, Tramp administrasiýasynyň basyş etmegi netijesinde, 600 million dollar kemeltmek hakda ses berdi.

Ak tamyň sözçüsi Sarah Sandersiň 15-nji sentýabrda aýtmagyna görä, Tramp 18-nji sentýabrda “özüniň Baş sekretar Guterresiň refoma baradaky tagallalaryny goldaýandygyny mälim eder”.

“Birleşen Milletler Guramasynyň düýp ideallaryny amala aşyrmaga güýçli potensialy bar, ýöne ol netijeli we täsirli ýöredilmeli” diýip, Sanders aýtdy.

Planlaşdyrylyşyna görä, Tramp 18-nji sentýabrda Fransiýanyň prezidenti Emmauel Makron we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen gepleşik geçirer, şeýle hem Latyn Amerikasynyň liderleri bilen “iş naharyna” gatnaşar.

Fransiýa bilen Ysraýyl “Amerikanyň iki sany iň ýakyn ýaranlary” diýip, Sanders aýtdy.

Sanders Trampyň Netanýahu we Makron bilen bolan gepleşigi “giň gerimli bolar, biz esasy ünsüň Eýranyň durnuksyzlaşdyryjy hereketine, şol sanda onuň Orta Gündogardaky ýurtlaryň özbaşdalygyny bozmagyna gönükdirilmegine garaşýarys” diýdi.

Makron bilen Netanýahu 2015-nji ýylda Eýran bilen gelnen ylalaşyk meselesini gozgar diýip çaklanýar. Bu ylalaşykda Eýran sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmeginiň öwezine özüniň ýadro işlerini togtatmaly boldy. Makron bu ylalaşygyň ýerinde galmagyny isleýär. Netanýahunyň isleýäni bolsa onuň ýatyrylmagy.

Tramp özüniň Eýran ylalaşygyň “ruhuny” bozýar diýýän aýyplamasyny 14-nji sentýabrda ýene bir gezek gaýtalady.

Üstümizdäki ýyl Baş Assambleýanyň ýyllyk maslahatyna 130 çemesi ýurduň liderleri gatnaşar.

XS
SM
MD
LG