Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň 'UH-60' kysymly ilkinji dikuçary Owganystanyň howa güýçlerine gowuşdy


Owganystanyň howa güýçleri Birleşen Ştatlarda öndürilen “UH-60 Black Hawk” kysymly ilkinji dikuçara eýe boldular.

Owganystanyň howa güýçleri Birleşen Ştatlarda öndürilen “UH-60 Black Hawk” kysymly ilkinji dikuçara eýe boldular. Owgan goşunyna täze dikuçaryň berilmeginiň könelişen orsýet dikuçarlaryny täzelemek boýunça planlaşdyrylan çäreleriň çäginde amala aşyrylandygy aýdylýar.

“Owgan howa güýçleriniň UN-60 kysymly ilkinji dikuçar şu gün Kandahar howa bazasyna gelip düşdi” diýip, NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Aýgytly ýardam atly missiýasynyň 19-njy sentýabrda Facebookda çap eden beýanatynda aýdyldy.

“Owganystanyň howa güýçleri Mi-17 kysymly dikuçarlardan UH-60 dikuçarlaryna geçmegi dikuçarlaryň düzümini täzelemek ugrundaky özgerişlikler tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar” diýlip beýanatda aýdylýar.

Maglumatda ABŞ-nyň Owganystana ýakyn ýyllarda 159 sany täzelenen “UH-60 Black Hawk” kysymly dikuçarlary bermegi planlaşdyrýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG