Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýoýew Özbegistanyň, Merkezi Aziýanyň abadançylygyna ünsi gönükdirmegi wada berdi


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, Nýu Ýork, 19-njy sentýabr, 2017.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, Nýu Ýork, 19-njy sentýabr, 2017.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasynda eden birinji çykyşynda, öz ýurduna we Merkezi Aziýa regionyna abadançylygy we adam hukuklaryny getirmek meselesine hökümetiň ünsüni gönükdirmegi wada berdi.

Mirziýoýewiň 19-njy sentýabrda eden çykyşynda aýtmagyna görä, Özbegistanyň milli pulunyň erkin dolanyşygyna ýol açmak, biznes salgytlaryny azaltmak, biznes üçin kreditleri artdyrmak we erkin ykdysady zonasyny döretmek ýaly şu aýda girizilen çäreleriň ýurduň raýatlarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak maksadyny öz öňünde goýýandygyny belledi.

Mirziýoýew öz hökümetiniň “parahatçylykly we ykdysady taýdan ösen Merkezi Aziýany” döretmek we onuň “durnuklylyk, dowamly ösüş we hoşniýetli goňşuçylyk zonasy”bolmagy ugrunda işlejekdigini aýtdy.

13 ýylyň dowamynda Özbegistanyň premýer-ministri bolan Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda ýurduň awtokrat prezidenti Yslam Kerimowyň ýogalmagynyň yzýany döwlet başyna geçdi.

XS
SM
MD
LG