Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat 2017: Türkmenistan öz sportsmenleriniň bäş günde 127 medala eýe bolandygyny habar berdi


Aşgabatda geçýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, gazagystanly Olga Rypakowa, 18-nji sentýabr, 2017.

Türkmenistanyň ýygyndy komandasy Aşgabatda geçýän sport ýaryşlarda umumy komanda hasaby boýunça ynamly öňde barýar diýip, Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.

Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bäşinji güni Türkmenistanyň sportsmenleriniň hasabyna 38 medal, şol sanda 10 altyn medal goşuldy diýip resmi media habar berdi. Türkmenistanlylaryň üstünlikli çykyş eden sport görnüşleriniň arasynda guşakly göreş, taý boksy, bilýard, ýeňil atletika we kuraş agzalýar.

Türkmenistanyň ýygyndy komandasynyň hasabynda jemi 127 medalyň, şol sanda 53 sany altyn, 37 kümüş we 37 bürünç medalyň bardygyny TDH döwlet habar agentligi 21-nji sentýabrda habar berdi.

17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi websaýtynda habar berlişine görä, 21 sport görnüşi boýunça bäsdeşlige 64 sany milli komandanyň we bosgunlar toparynyň, jemi 4066 sportsmeniň gatnaşýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG