Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa oýunlaryny beýan etmäge baran žurnalist Azatlyk bilen öz täsirlerini paýlaşdy


Aşgabat. Prezident Berdimuhamedowa berlen sowgatlar. Daşary ýurtly žurnalistiň düşüren suraty.
Aşgabat. Prezident Berdimuhamedowa berlen sowgatlar. Daşary ýurtly žurnalistiň düşüren suraty.

Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän 5-nji Aziýa oýunlaryny beýan etmäge baran daşary ýurtly žurnalistleriň biri, adynyň aýdylmazlyk şerti bilen, Azatlyga özünde galan täsirleri gürrüň berdi.

Türkmenistanda bolan bir hepdä golaý wagtymdan mende garjaşyk duýgular galdy. Bir tarapdan, men açyk asmanyň astyndaky owadan şäheriň gözelligine, oýunlara tomaşa etmäge we öz oýunçylaryny goldamaga gelen müňlerçe türkmeniň güler ýüzüne, öz duşan adamlaryň rehimdarlygyna, adamlaryň şeýle köp möçberde öz däplerine eýerişine we aýal-gyzlaryň owadan köýneklerine haýran galdym” diýip, žurnalist aýdýar.

Ýöne ol sport desgalarynyň ýerleşýän ýerinde her 50 metrden, şäheriň galan ýerlerinde her çüňkde goýlan polisiýa ofiserleriniň köplüginden hopugandygyny, emma ýerli adamlaryň muňa öwrenişine meňzeýändigini hem belleýär.

Meniň ýanyma ýolbelet edip 25 ýaşyndaky student W-ni goşdular. Onuň iňlisçesi fransuzçasyndan hem gowşagrakdy. Ol görmegeý we mylakatly gyz, ýöne beýle bir bilesigeliji ýa ýiti däl. Onuň kakasy sport desgalaryny guran türk kompaniýasynda işleýär. Meniň ýanyma berkidilen ikinji student 22 ýaşyndaky oglan we iňlisçe bilmeýär, onuň kakasy hökümetde işleýär” diýip, daşary ýurtly žurnalist olaryň ikisiniň hem günüň dowamynda birnäçe gezek DIM-däki we Milli telewideniýedäki başlyklaryna hasabat bermelidigini belleýär.

Olar öz başlyklaryndan rugsat almazdan hiç bir karara gelmeýärler, maňa yzygiderli esewan edýärler, ertirlikden nahara, otele çenli, hatda tualate gidemde, surat alýan wagtymda hem yzymdan aýrylmaýarlar. Olar maňa surata düşürmezlik barada hiç zat diýmeýän hem bolsalar, men ýazgy edýän wagtym sübsegärleriň o taýdan gitmegini buýurýarlar (köçelerde, her çüňkde we olimpiýa toplumynyň içinde müňlerçe tämizleýji bar, olar içerde on adamdan topar tutup işleýärler). Ýöne ol meniň polisiýa işgärlerini surata almagymy halamady, olary öçür diýdi (men öçürmedim)” diýip, žurnalist aýdýar.

"Ol meniň polisiýa işgärlerini surata almagymy halamady" diýip, žurnalist aýdýar.
"Ol meniň polisiýa işgärlerini surata almagymy halamady" diýip, žurnalist aýdýar.

Şeýle-de žurnalist maglumatyň azdygyny, guramaçylygyň garym-gatymdygyny belleýär. “Hemme zat programmadan üzňe we şu hem kynçylyk döredýär. Her bir telekanalyň we gazetiň resmi sese eýerýän we ýasama hem lowurdawuk propagandanyň hemme ýerde gygyryp duran ýurdunda žurnalistleri hakyky maglumat bilen üpjün etmek birinjiden kyn bolsa, ikinjiden tebigy däl” diýip, Azatlyk radiosynyň söhbetdeşi aýtdy.

Şeýle-de ol özüne kän gezek şähere syýahat etmegi teklip edendiklerini belledi.

Beýleki žurnalistler bilen bilelikde awtobusly binalary we muzeýleri görmäge äkitdiler, baran ýerlerimiziň hemmesinde prezidentiň ýüzüni görýäris. Köçelerde, dükanlarda, taksilerde, myhmanhanada, hatda uçarda, hemme ýerde prezidentiň ýüzi. Men onuň kitaplaryny, oňa berlen sowgatlary, onuň tigirlerini, kwadyny (dörtaýak) surata düşürdim” diýip, daşary ýurtly žurnalist Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda ýurtda döredilen ägirt uly şahsyýet kultunyň açylyp görkezilendigini hem sözüne goşdy.

Žurnalist “hormatly prezidentiň” açylyş dabarasynda sowet äheňinde 22 minutlap söz sözländigini we muňa hem adamlaryň endik bolan ýaly görnendigini belleýär. Soň ol prezidentiň oýunlar başlananda ikinji gezek söz sözländigini aýdýar.

Şeýle-de žurnalist 4 sagada çeken we türkmen medeniýeti we taryhy barada gürrüň berýän çyraly-ýalpyldyly tomaşada bir gezek hem yslam dininiň ýa Orsýetiň agzalmandygyny belleýär.

Men şähere syýahata gitmän, aýdaly, atletleriň türgenleşik geçişini surata düşürmekçi boldum, emma bu mümkin bolmady. 4 günläp tagalla edenimden soň, men ahyry bu işi öz ýolbeletlerimiň gözegçiligi astynda amala aşyryp bildim” diýip, žurnalist aýdýar.

Oňa “Olimpiýa obasyndan daşyna ýeke gitmegi agzama-da” diýipdirler. Şeýle-de şäheriň daşyndan surat alsa, deportasiýa ediljekdigini duýdurypdyrlar.

Oýunlar başlanandan bäş gün soňra guramaçylyk biraz rahatlaşdy, sebäbi häkimiýetler her bir žurnalistiň öz ýazan görkezmeleri esasynda hereket edýändigini görýärdiler diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Aşgabatda Aziýa oýunlaryny beýan etmäge goýberilen daşary ýurtly žurnalist “ylham beriji Aşgabat” ädimine eýermejek žurnalistlere wiza berilmändigini hem sözüne goşdy. Ýöne myhman ýurtda hökümet tankytçylarynyň, aktiwistleriň we žurnalistleriň ýanalyşyndan, gorkuzylyşyndan, türmä basylyşyndan we hatda gynalyşyndan habarlydygyny hem-de gizlin hat alşyp, Aşgabatda ýaşaýan ýerli aktiwistleriň biri bilen duşuşandygyny hem aýtdy.

Bu duşuşyk barada, belki-de, Oýunlar tamamlandan soň, žurnalistiň özi gürrüň berer. Ýöne ol Azatlyk radiosynyň edýän işi üçin sagbol aýtmak isleýändigini, olaryň adam hukuklaryny goraýan we uly ejir çekýän adamlaryň sesleriniň eşidilmegine goltgy berýändiklerini sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG