Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Demirgazyk Koreýanyň ýolbaşçylarynyň 'uzak galmajagyny' aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň ýanaşyk suratlary.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, eger-de Ri 23-nji sentýabrda BMG-de sözlän sözünde öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň pikirlerini gaýtalasa, Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministri Ri Ýong Ho we lider Kim Jong Un "kän uzaga galmaz” diýýär.

"Ýap-ýaňy Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministriniň BMG-de söz sözlänini eşitdim. Eger-de ol kiçijik Raketa adamyň pikirlerini gaýtalasa, olar bu töwerekde uzak saklanmaz!” diýip, Tramp 23-nji sentýabr güni giçlik çap eden twitter beýanatynda aýtdy.

Phenýanyň golaýda geçiren ýadro synaglaryndan soňky dartgynlygyň eýýäm ýokarlanmagy bilen, RI 23-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda, BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş edip, Tramp “janyndan geçeniň missiýasynda” we onuň zerur bolsa Demirgazyk Koreýany “doly ýok etmek” wadasy “biziň raketalarymyzyň tutuş ABŞ topragyna sapara barmagyny has kän gutulgysyz edýär” diýdi.

Trampy “psihiki taýdan durnuksyz, megalomaniadan doly adam” hökmünde häsiýetlendiren Ri ABŞ-nyň prezidenti “şu günki günde halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna iň çynlakaý wehim bolup durýar” diýdi.

Tramp 19-njy sentýabrda özüniň Baş Assambleýa eden ilkinji ýüzlenmesinde lider Kim Jong Uny “Janyndan geçeniň missiýasyndaky” “Raketa adamy” diýip atlandyrdy.

Ri Tramp Birleşen Milletler Guramasyny “garakçylar mesgenine – pula hormat goýulýan we gandöküşligiň kada bolan ýerine öwürýär” diýdi we ony Kimi masgaralamakda aýyplady.

"Trampyň özünden başga janyndan geçeniň missiýasyna çykan adam ýok” diýip, ol aýtdy.

Ri bu sözleri aýdan güni ABŞ-nyň harby-howa güýçleriniň B-1B Lancer bombaçylar, söweş uçarlarynyň ugratmagynda, Demirgazyk Koreýanyň gündogaryndaky halkara suwlarynyň üstünden öwrüm etdi.

Bu ABŞ-nyň söweş uçarlary ýa bombaçylary tarapyndan 21-nji asyrda Demirgazyk we Günorta Koreýalary bölýän harbysyzlaşdyrylan zonadan has demirgazyga aralaşylan iň uzak uçuşydyr diýip, Pentagon aýtdy.

XS
SM
MD
LG