Sepleriň elýeterliligi

'Aşgabat-2017' döwründe okuwçylaryň rugsada çykarylmagyny ene-atalar 'sorady'


Aşgabadyň mekdep okuwçylary

Türkmenistan barada maglumatlary çap edýän habar serişdesinde 'Aşgabat-2017' oýunlarynyň geçirilýän döwründe, Aşgabadyň mekdep okuwçylaryny we talyplaryny meýilnamadan daşary rugsada çykarmak barada ene-atalaryň özleriniň türkmen häkimiýetlerine haýyşnama bilen ýüzlenendigi habar berilýär. Bu maglumaty aşgabatly mugallymlaryň we ene-atalaryň onlarçasy ret edýär.

“Türkmenportal” neşiriniň 22-nji sentýabrda beren maglumatynda, şeýle haýyşnama bilen ene-atalar komitetleriniň çykyş edendigi bellenilip, bu inisiatiwanyň Türkmenistanyň Bilim ministrligine hödürlenendigi we şondan soň onuň ýurt baştutany tarapyndan tassyklanandygy aýdylýar.

“Şeýlelikde, mekdep okuwçylary 'Aşgabat-2017' oýunlary döwründe geçirilýän ýaryşlarda tomaşaçy bolmak mümkinçiligine eýe boldular” diýlip, agzalýan neşiriň maglumatynda bellenilýär. Emma habarda gürrüňi edilýän ene-atalar komitetleriniň paýtagtyň anyk haýsy mekdeplerine ýa-da ýokary okuw jaýlaryna degişlidigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, 31-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe, Aşgabadyň mekdep okuwçylaryny we talyplaryny meýilnamadan daşary rugsada çykarmak barada ýörite buýruga gol çekipdi.

Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylyň 18-28-nji sentýabry aralygynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylaryny, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw jaýlarynyň talyplaryny okuw meýilnamasyndan daşary rugsada goýbermek bellenildi.

Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginden 'Aşgabat-2017' oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylaryny we talyplaryny meýilnamadan daşary rugsada çykarmak barada ene-atalardan haýyşnamalaryň gelip gowuşandygy ýa-da gowuşmandygy barada haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Emma Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri çagalary mekdepde ýa-da ýokary okuw jaýlarynda okaýan aşgabatly ene-atalaryň we mugallymlaryň onlarçasyna salgylanyp, raýatlaryň şeýle haýyşnama bilen türkmen häkimiýetlerine ýüzlenendigi barada hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýdýarlar.

“Men ata-eneler, mugallymlar we belli bir derejede ýurduň bilim pudagyna ýolbaşçylyk edýän tanyş-bilişlerim bilen hem gürleşenimde, orta mekdeplerde hem-de ýörite orta okuw jaýlarynda okuwlary ýapmak babatynda ata-eneleriň we olaryň hossarlarynyň haýyş bilen ýüz tutandygy hakyndaky fakty tassyk eden ýa-da şoňa ‘hawa’ diýip güwä geçen adamy tapmadym” diýip, Azatlygyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmesi gürrüň berdi.

Galyberse-de, ol 'Aşgabat-2017' oýunlarynyň geçirilýän döwründe köçeleriň ýapyk bolmagyndan we çagalaryň okuwa gatnamagynyň kynlaşmagyndan howatyr eden ene-atalaryň bar bolmagynyň mümkindigini aýtsa-da, Türkmenistanda halk köpçüliginiň öz isleg-arzuwyny il ortalaýyn dile getirmekden gaça durýandygyny ýatladýar.

“Eger kimdir biri, ýagny 30-40 ene-ata birigip, ‘ýaryşlaryň geçýän döwri mekdeplerde okuwy ýatyryň’ diýseler, onda ol adamlar jemgyýetiň garşysyna hereket edýän, jemgyýetde agzalalygy döretjek bolýan adamlar hökmünde kabul edilýär. Men Türkmenistanda şeýle ýagdaýyň [bolandygyny] – diňe bir okuwlary ýapmak meselesinde däl, başga meselelerde-de adamlaryň köpçülikleýin ýüz tutup, olaryň haýyşlarynyň ýer tutan ýerini entek bilemok” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi aýdýar.

Häzirki wagtda Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sebäpli paýtagtyň mekdeplerinde okuwyň arasy kesilip, meýilnamadan daşary okuw rugsady dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bu okuw rugsady döwründe her mekdepden ýüzlerçe çaganyň guramaçylykly dynç alşa ugradylmagy boýunça ýörite çäreleriň geçirilendigini we her çaganyň Aşgabadyň etegindäki dynç alyş merkezlerinde ene-atalarynyň hasabyna dynç almagy üçin 400 manat möçberinde puluň toplanandygyny gürrüň beripdiler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG