Sepleriň elýeterliligi

Alym hem oppozisioner Muhammetgeldi Berdiýew aradan çykdy


Muhammetgeldi Berdiýew

Gollandiýadan gowşan habara görä, Taryhçy alym, etnograf hem-de belli oppozisiýa aktiwisti Muhammetgeldi Berdiýew 18-nji sentýabrda 63 ýaşynyň içinde uzaga çeken agyr keselden aradan çykdy.

Muhammetgeldi Berdiýew 1954-nji ýylda Baýramaly şäherinde dünýä indi. Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetini tapawutlanan diplom bilen gutardy. Şondan soňra türkmen halkynyň etnografiýasy boýunça iş alyp bardy. Türkmenistanyň Ülkäni öwreniş muzeýinde, soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň etnografiýa bölüminde işledi hem şol ýerde alymlyk işini taýýarlady.

90-njy ýyllaryň başynda alymlyk derejesini gorady. Onuň yz aýnyndan M. Berdiýewiň “Türkmen milli naharlary” atly fundamental işi ‘Ylym’ neşirýaty tarapyndan aýratyn kitap bolup çykdy.

Ol gaty köp gezek ylmy ekspedisiýada boldy hem milletiň däp-dessuryna degişli gymmatly maglumatlary toplady. Ol halkara ylmy proýektleri taýýarlamaga gatnaşdy. Şolardan biri-de häzirki zaman türkmen ýaşlarynyň sosial meselelerine degişli boldy.

Muhammetgeldi Berdiýew SSSR-de erkin söze ýol açylandan, oppozisiýa hereketlerine gatnaşdy. Dürli maslahatlarda türkmeniň taryhy boýunça aktiw çykyş edip geldi. 90-njy ýyllaryň ortalarynda Moskwa şäherine gaýtmaga we şol ýerde işlemäge mejbur boldy. Ylmy-derňew işleriniň gapdaly bilen Azatlyk Radiosynda yzygiderli çykyş etdi. Ol dürli gepleşiklerde öz şahsy pikirini aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen aragatnaşykda wagtynda, Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň gödek bozulyşy, ilatyň sosial durmuşyndaky kynçylyklar barada reportažlar taýýarlady. Şeýle hem halkyň milli taryhy boýunça aýry-aýry makalalar bilen yzygiderli çykyş etdi.

Türkmenistanda prezident S.Nyýazowyň ýazdy diýilýän “Ruhnama” kitaby mahabatlandyrylyp başlanynda, Muhammetgeldi Berdiýew bu kitabyň asyl nusga däldigini, meselem, iňlis barlagçysy Bosfortyň “Musulman dinastiýalary” kitabyndan tutuş iki bölüminiň göçürilendigini aýdyp, S. Nyýazowy jogapkärçilige çekmeli diýip çykyş etdi. Şondan soňra Muhammetgeldi Berdiýew Moskwada urlup-ýenjilmelere we dürli yzarlanmalara sezewar boldy. Ol ahyrynda Gollandiýadan başpena aldy. Ömrüniň soňky bölegini şol ýerde geçirdi.

63 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Muhammetgeldi Berdiýewi 22-nji sentýabrda Gollandiýanyň paýtagtyndaky musulman gonamçylygynda jaýladylar. Onuň ýakynlary alymdan köp golýazmanyň galandygyny aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG