Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti gallanyň ekilişiniň, pagtanyň ýygylyşynyň haýallygyna ünsi çekdi.


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pagta meýdanynda

Türkmenistanyň prezidenti ýurtda galla ekilişiniň we pagta ýygymynyň depgininiň haýal gidýändigine welaýat ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi.

TDH döwlet habar agentligine görä, 25-nji sentýabrda geçirilen iş maslahatynda Balkan welaýatynyň Etrek, Serdar, Bereket etraplarynda bugdaýyň ekilişiniň pes depginde gidýändigi bellenipdir we bu ýagdaýa welaýatyň häkimi Satlykowyň ünsi çekilipdir.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýer önümçiliginiň netijeliligini gazanmak üçin “agrotehniki çäreleriň oba hojalyk önümleriniň ýokary hasyllygyny artdyrmak ýaly berk barlanyp, seçilen ylmy teklipleriň esasynda” amala aşyrylmalydygyny aýdypdyr.

Resmi maglumata görä, wideoşekilli iş maslahatynda prezident Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewe Küneürgenç we Ruhybelent etraplarynda pagta ýygymynyň pes depginde amala aşyrylýandygyny aýdypdyr, Lebap welaýatynyň häkimine oba hojalyk işleriniň netijeliligini artdyrmak, ekin meýdanlaryny we suwy tygşytly ulanmak barada tabşyryk beripdir.

Türkmenistan bu ýyl 1 million 50 müň tonna pagta öndürmegi planlaşdyrýar.

Bugdaý hasylyna degişli indiki ýyl üçin kesgitlenen döwlet plany 1 million 600 müň tonnadan ybarat.

XS
SM
MD
LG