Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 2018-nji ýylda býujetiň möhüm böleginiň sosial maksatlara gönükdiriljegini aýdýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň 2018-nji ýyl boýunça býujetiniň möhüm bölegi sosial maksatlara gönükdiriler diýip, ýurduň döwlet mediasy habar berdi.

Resmi maglumata laýyklykda, döwlet býujetiniň çykdajy böleginiň bilim, saglygy saklaýyş we sport ýaly ugurlardan artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Habar berilişine görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy sentýabrda geçiren hökümet maslahatynda eden çykyşynda indiki ýylyň döwlet býujetinde aýratyn ornuň sosial pudaga beriljekdigini we milli ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirilýän kredit karz pullarynyň mukdaryny artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýdypdyr.

Türkmenistanyň 2018-nji ýylyň býujetiniň möçberine degişli takyk sanlar berilmedi.

2017-nji ýylyň býujetiniň girdeji bölegi 103 ýarym milliard manatdan ybarat bolupdy, çykdajy bölegi 104.87 milliard manata barabar kesgitlenipdi.

Türkmenistanyň hökümeti soňky birnäçe ýylyň dowamynda döwlet býujetiniň agramly böleginiň sosial pudaga sarp edilýändigini yglan edip gelýär.

XS
SM
MD
LG