Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: Saglyk ulgamyna hojalyk hasaplaşygyny netijeli ornaşdyrmaly


Türkmenistandaky keselhanalaryň birinde näsag ýaşuly we saglyk işgärleri

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyna hojalyk hasaplaşygyny netijeli ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmen lideri bu barada 26-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna garalan mejlisinde belläp, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meselesi barada durup geçdi.

“Hormatly prezidentimiz bular barada aýtmak bilen ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi” diýlip, türkmen telewideniýesiniň maglumatynda prezidentiň bu babatda degişli resmilere anyk tabşyryklary berendigi aýdylýar.

Emma habarda şol tabşyryklaryň jikme-jikleri we öz-özüni maliýeleşdirmek, ýagny hojalyk hasaplaşygy düzgüniniň ýurduň ähli keselhanalaryna we saglyk edaralaryna ornaşdyryljakdygy ýa-da ornaşdyrylmajakdygy we onuň nähili görnüşde amala aşyryljakdygy barada anyk maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge döwlet býujetinden ägirt uly maliýe serişdeleriniň goýberilýändigini, täze keselhanalaryň gurulýandygyny, olaryň dünýäniň iň döwrebap tehnologik enjamlary bilen abzallaşdyrylýandygyny tekrarlap gelýärler.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan käbir türkmenistanlylar resmi mediada tekrarlanýan bu özgertmelere garamazdan, ýurtda ilata berilýän saglyk hyzmatlarynyň hiliniň gowulanmaýandygyny, tersine, gün-günden ýaramazlaşýandygyny, şol sebäpli raýatlaryň öz saglygyny bejertmek üçin Hindistan, Eýran, Türkiýe ýaly ýurtlara sapar edýändigini aýdýarlar.

Ýakynda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly zenan Türkmenistandaky hekimleriň özüne içegede rak keseliniň ýaýrandygy barada diagnoz goýandygyny, emma türk lukmanlarynyň onda hiç hili rak keseliniň ýokdugyny, ýatgyda ýeňil operasiýa bilen bejerilmeli ýeriň bardygyny aýdandygyny gürrüň beripdi.

Mundanam başga, raýatlar medisina bilimini berýän okuw jaýlarynda parahorlugyň giň ýaýrandygyny belläp, ýerli lukmanlaryň näsaglara ýalňyş diagnoz goýmak we olara bolmalysyndan düýpden başga bejergileriň bellenmegi ýaly wakalaryny nazara alanyňda, saglyk hyzmatlary barada entek edilmeli işiň kändigini nygtaýarlar.

Bu kemçilikleriň üstüniň açylmagyny bökdeýän zat hökmünde türkmen raýatlarynyň ençemesi Türkmenistanyň saglyk pudagy boýunça anyk statistiki maglumatlaryň elýeterli däldigine ünsi çekýärler.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň resmi mediasy Aşgabadyň käbir keselhanalarynyň abraýly sylaglara mynasyp bolandygyny wagtal-wagtal habar berýär.

Şu aýyň başynda Aşgabatda täze açylan Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň Germaniýanyň süýjüli diabet keselleri jemgyýetinden hem-de Daşky gurşaw boýunça saglygy goraýyş gaznasyndan berlen ýörite güwänamalaryň gowşurylyş dabarasynyň bolandygy we Berdimuhamedowyň bu sylaglary Merkeziň maslahatlar zalynda kabul edendigi habar berildi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG