Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“7 ýyl bäri ýurduň daşyna çykyp bilmeýärin”


Türkmenistanyň aeroportlarynyň birinde oturan zenan we onuň çagasy. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanyň aeroportlarynyň birinde oturan zenan we onuň çagasy. Arhiwden alnan surat

Daşary döwletlere syýahat etmek isleýän türkmen raýatlaryna Aşgabadyň aeroportyň migrasiýa gullugy tarapyndan gadagançylyklaryň artýandygyny ýaşaýjylardan eşitse bolýar.

Adynyň efirde tutulmazlygyny soran lebaply ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, soňky bäş ýylyň dowamynda, ol indi altynjy gezek uçara goýberilmeýär.

“Türkiýe döwletine işlemäge gidip, 3 ýyl işlänimden soňra öýüme, çagalarymy görmäge gaýtdym. Türkmenistana gelip düşenimde, aeroportda migrasiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan maňa ýurtdan çykmaga 5 ýyl gadagançylyk girizildi. Şol gadagançylygyň tamamlananyna 2 ýyl boldy. Indi jemi 7 ýyl bäri ýurtdan çykyp bilemok. Ýurduň içinde hem iş tapamok. Çagalarym ulalýar, olaryň çykdajysy hem artýar. Adamym hem özüm işsiz. Iş bilen üpjün edip bilenoklar, ýurtdan çykmaga-da rugsat berenoklar” diýip, lebaply ýaşaýjy aýdýar.

Ol 5 ýyl deportyny geçirip migrasiýa gullugyna birnäçe gezek arza bilen ýüz tutandygyny, emma özüne girizilen gadagançylygyň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş alyp bilmändigini sözüniň üstüne goşdy.

Aýdylmagyna görä, Migrasiýa gullugynyň işgärleri oňa daşary döwlete gitmek üçin: “Sen telekeçi bolmaly. Öz dükanyň, patentiň we VISA plastik kartyňda azyndan 1000 amerikan dollaryň bolmaly. Şonda saňa ýurtdan çykmaga rugsat bereris” diýip, dilden aýdypdyrlar.

“Hiç bir ýazmaça jogap alyp bilemok. Şu aýdylýan zatlar mende bar bolsa, onda meniň daşary döwletde näme işim bar?” diýip, ýaşaýjy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky edarasyna hem ýüzlenendigini, ýöne olaryň her gezeginde özüni Lebap welaýatyna ugradandygyny belleýär.

“Welaýata barsam, ‘biz çözemizok, merkezden çözülýär’ diýip jogap berýärler. Näme üçin ýurduň daşyna goýberilmeýändigimi anyk aýtsalar, menem şoňa görä çözgüt tapjak” diýip, ol indi ýolunyň açylmagyna umyt baglap, eýýäm ençeme gezek Stambula bilet alsa-da, uçara goýberilmän, aeroportdan yzyna gaýtarylandygyny aýdýar.

“Aeroportdaky migrasiýa gullugynyň işgärlerine ýalbaryp, geçmäge kömek soraýaryn. Bu ýerde hem maňa ‘biz hiç zat bilemzok, bar, öz ýaşaýan welaýatyňa git diýýärler” diýip, ýaşaýjy gürrüň berýär.

Şeýle-de, ol şuňa meňzeş kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup uçara goýberilmeýän, sebäpleri hem düşündirilmeýän, raýat hukuklary bozulýan türkmenistanlylaryň sanynyň köpdügini sözüniň üstüne goşdy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosy ýokarda gozgalan meseleler dogrusynda, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň Migrasiýa edaralary bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariýa alyp bilmedi.

XS
SM
MD
LG