Birleşen Ştatlar Eýrany adam gaçakçylygynyň öňüni alyp bilmezlikde aýyplanýan ýurtlaryň sanawyna goşýandygyny, eýýäm bu sanawda bolan Russiýa garşy bolsa çäklendirmeleri güýçlendirýändigini aýtdy.
Ak tam 30-njy sentýabrda, Eýran bilen bilelikde Wenezuelanyň, dört sany afrika döwletiniň – Kongo demokratik respublikasynyň, Ekwatorial Gwineýanyň, Günorta Sudanyň we Sudanyň ABŞ-nyň sanawyna goşuljakdygyny aýtdy.
Russiýa bilen bilelikde eýýämden bu sanawda bar bolan we çäklendirmesi güýçlendirilýän ýurtlar Demirgazyk Koreýa, Eritreýa we Siriýa. Bu ýurtlar Birleşen Ştatlar bilen bagly bilim ýa medeni alyş-çalyş programmalaryna gatnaşmakdan çäklendiriler.