Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan özüni idäp gelen adamsyny ýençdiren zenany polis gözleýär


Türk polisiý aişgäri. Illýustrasiýa suraty
Türk polisiý aişgäri. Illýustrasiýa suraty

Stambulyň Gaziosmanpaşa diýen ýerinde bir maşgalanyň çagalaryna seredýän türkmenistanly G. E. atly zähmet migranty Türkmenistandan özüni idäp gelen P. Ç. atly adamsyny bolýan ýerine çagyrdyp, birnäçe adama urdurýar we netijede adamsy agyr ýaralanýar.

Waka şaýatlyk eden türkmenistanly zähmet migrantlaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 6-7 ýyldan bäri Stambulda hojalyklarda işläp ýören türkmenistanly, 1977-nji ýylda doglan G. E. atly aýalyň Türkmenistandaky maşgalasyna sawçy gelipdir. Onuň adamsy gyzyny durmuşa çykarmak barasynda maslahat etmek üçin, Stambulda işleýän aýalyna jaň edipdir. Aýal adamsyna ygtyýaryň gyzyna berilmegini isläp, özüniň Türkmenistana baryp bilmejegini aýdypdyr we ondan soň olaryň arasyndaky düşünişmezlik 3-4 aýa çekipdir.

Aýalyň gyzy ejesi gelmese durmuşa çykmajagyny aýdandan soň, kakasy bialaç Stambula gaýtmaly bolupdyr. Stambula gelen adamsy öz aýalyny üç günläp idäninden soň, 29-njy sentýabrda agşam sagat onuň ýary töwereginde onuň bilen duşuşmaly edipdirler.

Türkmenistanda resmi nikada durýan aýalynyň Stambulyň Gaziosmanpaşa diýen ýerinde işleýän ýerine baran adamsy P.Ç. ol ýerde garaşylmadyk ýagdaýda eli demirli 6 adamyň hüjümine duçar bolupdyr. Aýdylşyna görä, Türkmenistanda ady belli pälwan hem göreşçilerden bolan P. Ç. birsalym olara eýgertmänsoň, hüjümçiler ony birnäçe gezek pyçaklapdyrlar.

Onuň Stambulda işleýän migrant hossarlary derrew ýagdaýdan habardar bolup, ony tanyşlarynyň üsti bilen bir hassahana äkidipdirler. Hassahanadaky hekimleriň anyklamagyna görä, türkmenistanly P.Ç. kellesinden we gapyrgalaryndan demir jisimler bilen uly zarba alypdyr. Şonuň ýaly-da budundan üç gezek pyçaklanypdyr. Türkmenistanly ýaraly P.Ç. hassahanada derrew operasiýa edilip, gün dogýança ýörite gözegçilik astynda tutulypdyr.

Agyr ýaralanan P. Ç. atly türkmen raýatynyň Stambuldaky zähmet migranty hossarlary ýörite aklawçy tutyp, onuň G. E. atly aýaly bilen ýaranlaryny "bilkastlaýyn jana kast etdirmek we adam ýaralamak" aýyplamalary esasynda kazyýete we polisiýa şikaýat edipdirler.

Häzir türk polisiniň "adamsyny çagyryp, ýençdiren 1977-nji ýylda doglan, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy G. E. atly türkmenistanly zähmet migranty aýaly we onuň adamsyny urup, pyçaklap ýaralan ýaranlaryny" gözleg-agtaryş işine başlandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG