Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň reformaçy liderleri türmä höküm edildiler


Mohammad Reza Hatami "Yslam Eýran gatnaşyjy fronty" atly uly reformaçy partiýanyň birinji sekretary
Mohammad Reza Hatami "Yslam Eýran gatnaşyjy fronty" atly uly reformaçy partiýanyň birinji sekretary

Eýranyň sudy ýedi sany reformaçy syýasatçyny, şol sanda öňki reformaçy prezident Mohammad Hataminiň doganyny bir ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdi we olara iki ýyllap syýasy hem media işlerine goşulmagy gadagan etdi, diýip aklawçy habar berdi.

Agzalan ýedi syýasatçy 2010-njy ýylda dawaly saýlawlaryň yzýany häkimiýetleriň köpçülikleýin protestleri basyp ýatyrmak boýunça amala aşyran çäreleriniň çäginde gadagan edilen "Yslam Eýran gatnaşyjy fronty" atly uly reformaçy syýasy partiýanyň agzalary.

Reformaçy syýasatçylaryň bäşisini, şol sanda Mohammad Reza Hatamini gorýan aklawçy Hojat Kermani öz müşderileriniň “režime garşy propagandada” aýyplanýandygyny 2-nji oktýabrda ýarym resmi ILNA täzelikler agentligine aýtdy.

Eýran syýasy aktiwistleri, žurnalistleri we tankytçylary gümürtik aýyplamalaryň esasynda yzygiderli tussag edip gelýär.

XS
SM
MD
LG