Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň türkmen gaz bazaryna dolanjakdygy aýdylýar


Russiýanyň “Gazprom” nebit-gaz kärhanasy geçen ýylyň ýanwarynda, Türkmenistandan gazy almagyny doly togtadypdy.
Russiýanyň “Gazprom” nebit-gaz kärhanasy geçen ýylyň ýanwarynda, Türkmenistandan gazy almagyny doly togtadypdy.

Russiýa we Türkmenistan türkmen gazyny öndürmek we ýerlemek boýunça bilelikdäki proýektleri öwrenýärler. Bu barada Russiýanyň energetika ministri žurnalistlere mälim etdi.

“Taryhy nukdaýnazardan biz Türkmenistan bilen türkmen gazyny satyn almak boýunça özara işleşdik. Häzirki pursat bizde [türkmen] gazyny satyn almak togtadyldy. Emma biz türkmen gazyny öndürmek we ýerlemek baradaky proýektleriň perspektiwalaryna göz aýlaýarys” diýip, Aleksandr Nowak belledi.

Nowak gury ýerde, şeýle-de Hazaryň şelfindäki ýataklarda geobarlag we özleşdirme işleri bilen bagly proýektleriň maslahat edilýändigini sözüne goşdy.

Mundanam başga, Moskwa bilen Aşgabadyň elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyna, şol sanda rus enjamlarynyň Türkmenistana getirilmegi baradaky mümkinçiliklere hem garalýandygy mälim edildi.

Duşenbe güni rus we türkmen prezidentleri Aşgabatda duşuşyp, özara iki taraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny maslahat etdiler. Emma gepleşiklerden soň gurnalan metbugat ýygnagynda, şeýle-de resmi mediada energiýa meseleleriniň we iki ýurduň arasyndaky gaz dawasynyň maslahat edilip-edilmändigi barada kelam agyz söz aýdylmandy.

Ýatlatsak, Russiýanyň “Gazprom” nebit-gaz kärhanasy geçen ýylyň ýanwarynda, Türkmenistandan gazy almagyny doly togtadypdy. “Türkmengaz” döwlet konserni “Gazprom-Eksport” kärhanasynyň 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, türkmen gazyny satyn almak baradaky özara Ylalaşygy möhletinden has öň, birtaraplaýyn görnüşde ýatyryp, türkmen gazyny almagyny bes edýändigini habar beripdi.

“Gazprom” hem öz gezeginde özara Ylalaşygyň gazyň bahasy sebäpli bozulandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda konstruktiw pozisiýada durmaýandygyny öňe sürüpdi. Şu ýylyň martynda bolsa rus nebit-gaz kompaniýasy anyk maglumatlar bermese-de, “Türkmengazy” Ylalaşygy “ýatyrmaga sebäp bolýan şertleri göre-bile döretmekde” aýyplady.

Bu aralykda, Russiýanyň energetika ministriniň türkmen gazyny özleşdirmek baradaky proýektlere garalýandygyny yglan etmegi bilen, anyk haýsy ýataklar barada gürrüň edilýändigi, şeýle-de munuň nähili ýagdaýda we şertlerde durmuşa geçiriljekdigi barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Halkara energiýa eksperti Jon Roberts Putin bilen Berdimuhamedowyň resmi duşuşygynyň dowamynda gaz meselesiniň agzalmazlygyny, Moskwanyň türkmen gazyna bolan gyzyklanmasynyň uly däldigi bilen düşündirip, Kremliň diňe bir ýagdaýda Türkmenistandan gazy gaýtadan almagyny dowam etdirip biljekdigini aýdýar.

“Russiýa türkmen gazyny diňe belli bir, has arzan nyrhdan almaga razy bolup biler. Ol ony soňy bilen islän ýerine, islän bahasyndan satyp bilerdi. Garaz, bu Russiýa üçin uly bähbitli, girdejili bolmaly. Ol [türkmen gazyny bazar nyrhyndan] telim esse arzan alyp, soňy bilen üçünji tarapa adaty bahadan satar” diýip, Roberts belledi.

Ýatlatsak, ozalky ýyllarda türkmen gazynyň esasy hyrydary bolan Russiýanyň arasyndaky gaz söwdasynyň möçberi 2009-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurdy baglaşdyrýan “Orta Aziýa – Merkez” gaz geçirijisinde bolan partlamadan soň çürt-kesik azaldy. 2008-nji ýylda 70 milliard kubometr gaz öndüren Türkmenistan 47 milliard m3 gazy Russiýa akdyrypdy. “Gazprom” 2009-njy ýylda Türkmenistandan diňe 10-11 milliard kubometr gazy satyn aldy we 2015-nji ýylda satyn alan türkmen gazynyň möçberini 4 milliard kubometre çenli çäklendirdi.

Galyberse-de, şu ýylyň başyndan bäri, iberilen gazyň tölegi meselesindäki ylalaşmazlyk netijesinde, Eýrana-da türkmen gazynyň akdyrylmagy bes edildi.

Munuň netijesinde, häzir türkmen gazynyň ýeke-täk bir müşderisi – Hytaý galdy.

Halkara bilermenler bu ýagdaýlarda gaz söwdasyna bil baglaýan Türkmenistanyň gazdan gelýän girdejisiniň peselmegini we ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini belleýärler.

Bu ýagdaýlaryň fonunda, türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçiriji proýektiniň yza tesdirlendigi barada maglumatlar gowuşýar.

Owganystanyň Türkmenistandaky ilçisi Mirwaýs Nab Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçiriji proýektiniň dünýäniň nebit-gaz bazaryndaky krizis we gazyň bahasynyň peselmegi sebäpli yza süýşürilendigini mälim etdi diýip, Owgansytan.ru neşiri maglumat berýär.

“Gynansak-da, ‘Galkynyş’ gaz ýatagyny özleşdirmek üçin şertnama baglaşan kärhanalar gazyň nyrhyny takyk çaklap bilmediler” diýip, owgan ilçisi aýdypdyr.

Mirwaýs Nab muňa garamazdan Türkmenistanyň gazgeçirijini özüniň territoriýasyndan çekmegini dowam etdirjekdigini, onuň öňümizdäki ýylyň iýunynda Owganystanyň serhedine ýetjekdigini hem sözüne goşdy.

Belläp geçsek, türkmen häkimiýetleri ilki başda gazyň TOPH gazgeçirijisinden 2019-njy ýylyň aýagynda akdyrylyp başlajakdygyny yglan etseler-de, bu möhlet soňy bilen 2020-nji ýyla çenli yza süýşürildi. Soňky özgermeleriň fonunda, TOPH-yň haçan işe giriziljekdigi nämälim bolmagyna galýar.

XS
SM
MD
LG