Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýaly ýazyjy Işiguro 2017-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragyna eýe boldy


Britaniýaly ýazyjy Kazuo Işiguro
Britaniýaly ýazyjy Kazuo Işiguro

Britaniýaly ýazyjy Kazuo Işiguro 2017-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragyna eýe boldy. Şwesiýanyň Akademiýasynyň 5-nji oktýabrda yglan etmegine görä, baýrak “Beýik emosional güýç romanlary” atly eser üçin berildi.

Işiguro 1989-njy ýylda çap eden “Günden galany” atly romany bilen uly meşhurlyk tapdy.

Işiguro “uly emosional güýç romanlarynda biziň dünýä bilen baglanyşyk baradaky illýuziýaly duýgymyzyň aşagyndaky düýpsüzligi açýar” diýilip, Akademiýa 1.1 million dollarlyk baýragy yglan edende aýtdy.

Ýazyjy 1954-nji ýylda Ýaponiýanyň Nagasaki şäherinde doguldy we çagaka Britaniýa göçdi.

Dinamity oýlap tapan alym Alfred Nobeliň adyny göterýän baýrak 1991-nji ýyldan bäri ylym, edebiýat we parahatçylyk ugurlardan berilýär.

XS
SM
MD
LG