Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan korrupsiýa tutda-baslyklaryny dowam etdirýär


Para
Para

Türkmenistanda korrupsiýada aýyplanan resmileriň nobatdaky tapgyrynyň tussag edilendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň türkmen telewideniýesine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Senagat ministrliginiň “Türkmen Demir Önümleri” kärhanasynyň başlygy Merdan Babaýew, onuň orunbasary Döwran Allakulyýew, Dokma senagaty ministrliginiň Ahal welaýat birleşiginiň başlygynyň orunbasary Allanazar Ýazberdiýew, Daşogyz şäher häkimliginiň ýanyndaky “Daşoguzhyzmat” hojalyk hasaplaşygy kärhanasynyň başlygy Kerimbaý Matnazarow dagy korrupsiýa we parahorlyk aýyplamalarynda aýyplanyp,döwlete ýetiren aýratyn uly möçberlerdäki zyýanlary üçin tussag edilipdir.

Şeýle-de neşir Demir ýoluň Aşgabat bölüminiň stansiýa ýolbaşçysy Täçmyrat Gurbanmämmedow, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň medeniýet bölüminiň başlygy Şadurdy Momaýew, bu bölümiň işgärleri Şamuhammet Nurmuhammedow, Goçmyrat Rejebow dagynyň korrupsiýada aýyplanyp tussag edilendigini habar berýär.

Emma resmi Aşgabadyň “Türkmenistan: Altyn asyr”, “Türkmenistan bu gün” saýtlaryndabu tussag etmeler barada habar berilmedi.

Şeýle-de, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 3-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugynyň başlygy Mämmethan Çahyýewiň dokuz aýyň dowamynda edilen işler barada hasabat berendigi aýdylan hem bolsa, soňky tussag etmeler barada bir söz hem aýdylmady.

Azatlyk radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesiniň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryndan öň beren maglumatyna görä, polkownik Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky döwlet gullugy soňky aýlarda geçirilen barlaglar netijesinde 100-den gowrak adamyň, şol sanda hökümet resmileriniň we il içinde “akula” diýilýän iri biznesmenleriň garşysyna korrupsiýa aýyplamalaryny taýýarlapdyr.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça döredilen döwlet gullugynyň özüne tabşyrylan wezipeleri berjaý etmek üçin giň gerimli barlag, derňew işlerini alyp barýandygyny başga-da birnäçe çeşme tassyk etdi.

Ýöne, adyny aýtmazlygy soran ýerli çeşmeleriň biriniň tassyklamagyna görä, Çakyýewiň edarasynyň korrupsiýada aýyplan adamlarynyň sanawy ilki prezidentiň ygtyýaryna berilýär we "bu hili adamlaryň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi, telewideniýede toba etdirilmegi we beýlekiler iň ýokary derejelerde tassyklanmaly".

"Eger şeýle tassyklanma bolmasa, ilki döwlet gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanan, garşysyna jenaýat işi gozgalan adamlar barada metbugatda hiç bir zat aýdylmaýar we soň olar sud edilmän, azatlyga hem goýberilip bilinýär" - diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Türkmenistanda maý aýynyň başynda korrupsiýa garşy göreş yglan edildi we prezident Berdimuhamedow kanuny bozan adamlaryň ählisine, eýeleýän wezipesine garamazdan, kanun esasynda çäre görüljekdigini aýtdy.

Şondan soň içeri kanun we hukuk goraýjy resmileriň, döwlet emeldarlarynyň onlarçasy korrupsiýada aýyplanyp, tussag edildi. Türkmen telewideniýesei bolsa, ol adamlary mawy ekranda “toba edýän”, ýagny eden günäsini boýun alýan we oňa ökünýän görnüşde görkezdi.

Şeýle-de bu kampaniýa netijesinde baş prokuror A.Hallyýew wezipesinden boşadyldy, içeri işler ministri I.Mulikowa käýinç berildi, baş sudýa B.Çaryýew başga işe geçirildi.

Ýöne bu görülýän çärelere garamazdan, Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan raýatlar ýurtda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny, uly derejelere baryp ýeten işsizligiň adamlary her hili galplyklara ýüz urmaga itekleýändigini gürrüň berýärler.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistandaky korrupsiýa ozaly uly derejeli döwlet, hökümet wekilleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

Türkmenistan halkara derejesinde geçirilýän barlaglarda hemişe iň bir korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda getirilýär.

XS
SM
MD
LG