Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow baş sudýany täzeläp, ykdysady jenaýatlara garşy gulluk döretdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmensitanda “Korrupsiýa we parahorluga garşy göreş hakyndaky kanun” esasynda “Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek boýunça döwlet gullugy” döredildi we nobatdaky kadr çalşygy geçirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze gullugyň korrupsiýa garşy göreş boýunça işlenip düzülen täze döwlet programmasy esasynda döredýändigini aýtdy. Emma synçylar täze gullugyň adyndan çen tutup, maý aýynyň başynda korrupsiýa we parahorluga garşy yglan edilen göreşiň eýýäm gowşadylandygyny belleýärler.

Azatlyk radiosy özüniň hökümete ýakyn çeşmesine salgylanyp, şeýle gullugyň döredilýändigini we oňa ýolbaşçy gözlenilýändigini, hukuk goraýjy işgärleriň arasynda ‘bu edara işe geçmek üçin näçe para bermelikä?’ diýip gürrüň edilýändigini 25-nji maýda habar beripdi.

Korrupsiýa ýa-da ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň başlyklygyna 2016-njy ýylyň martyndan bäri Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bolup işlän polkownik Mämmethan Çakyýew bellenildi.

Türkmen prezidenti 1-nji uýundaky Döwlet howpsuzlyk geňeşinde harby hem hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň netijeleri boýunça hasabatlarynyň diňlenjekdigini aýdan hem bolsa, maý aýynyň soňky günlerinde geçirilen korrupsiýa derňewleri barada hiç zat aýdylmady.

Ýogsa, baş sudýa Begenç Çaryýew ozal derňewleriň dowam edýändigini aýdypdy. Emma indi Begenç Çaryýewiň baş sudýalykdan boşadylyp, prezidentiň ýanyndnaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň ýolbaşçylygyna bellenendigi habar berildi. Onuň ýerine bolsa Gylyçmyrat Hallyýew bellenildi.

Aýdylmagyna görä, G.Hallyýew ýurduň garaşsyzlyk ýyllaryndaky onunjy baş sudýasy bolýar we bu kadr çalşygynyň anyk sebäpleri görkezilmeýär.

Ozalky baş sudýa Begenç Çaryýew arz edip baran raýatlary örän seýrek kabul edýärdi we şikaýatçylaryň işleri köplenç öňki ýagdaýynda galýardy” diýip, Azatlyk radiosynyň çeşmeleri gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, 3-nji maýda senagat boýunça wise-premýer Batyr Ereşowyň tarpa-taýyn aradan çykandygy habar berildi we 4-nji maýda Aşgabatda 2007-nji ýylyň başynda häkimiýet çalşaly bäri görülmedik korrupsiýa galmagaly turdy. Netijede, prezident baş prokuror Amanmyrat Hallyýewi we ondan gowrak prokurory korrupsiýa bilen baglylykda wezipelerinden boşatdy.

Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesi ozalky wise-premýer Batyr Ereşowyň, korrupsiýa derňewleri, oglunyň tussag edilmegi netijesindeöz janyna kast edendigini tassyklaýar we bu galmagalyň prezidentiň gurply adamlardan Aşgabatdaky Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin serişde toplamak tabşyrygy netijesinde ulalandygyny öňe sürýär. Şeýle-de ol işden boşadylan ozalky baş prokuror A.Hallyýewiň türmä basylandygyny aýtdy. Emma resmi Aşgabat bu habary ne tassyklady, ne inkär etdi.

Mundanam başga, Azatlygyň çeşmesi öňki baş prokuror wezipesinden boşadylmazyndan öň, A.Hallyýewbilen içeri işler ministri Isgender Mulikowyň ýokarsyndaky bulutlaryň garalýandygyny habar beripdi. A.Hallyýew işden aýrylanda I.Mulikowa berk käýinç berildi we ynamdar çeşme onuň prezidentiň ýakyn töwereklerindäki goldawy bilen saklanandygyny, ýogsa işden boşadylmalydygyny, ýöne barybir uzaga gitmän wizipeden çetleşdiriljegini habar berdi.

Emma muňa garamazdan, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem içeri işler ministri I.Mulikowa “gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi we işde goýberen kemçilikleri üçin” diýlip, ýene berk käýinç berildi. 4-nji maýdaky käýinji bilen, bu onuň soňky bir aýyň dowamynda alan ikinji berk käýinç bolýar. Şol bir wagtda onuň işde goýberen kemçilikleri anyklaşdyrylmýar. Ikinji tarapdan, eger-de diýilýän kemçilikleri gysga wagtda düzetmese, Isgender Mulikowyň wezipesinden boşadyljakdygy aýdyldy.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda soňky on ýylda korrupsiýa we parahorluk giň ýaýrady we ozallar esasan ÝOJ-lara girmek üçin para berlen bolsa, soňky ýyllarda çagalar baglaryna çaga ýerleşdirmekden başlap, köçe süpüriji bolmak üçin hem para bermelidigi aýdylýar.

Ýerli synçylar prezident Berdimuhamedowyň korrupsiýa we parahorluga garşy berk göreşmek baradaky çagyryşlarynyň ýurtdaky ykdysady krizisiň çuňlaşmagy, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ýakynlaşmagy bilen barha ýygjamlaşandygyny aýdýarlar.

Korrupsiýa garşy kampaniýanyň çäginde ýurduň degişli kanunlaryna täzeden seretmek, korrupsiýa aýyplamalary bilen sud edilen raýatlaryň günä geçişlere düşürilmezligi teklip edilýär.

Şeýle-de prezident G.Berdimuhamedow, ýolbaşçy wezipelere bellenýän kadrlary saýlamaga has talapkär çemeleşmäge çagyrdy, korrupsiýa meselesinde hiç kime geçirimlilik edilmejegi barada häkimiýet başyna gelende beren wadasyny gaýtalady.

XS
SM
MD
LG