Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary, münüp barýan awtoulagy uly ýolda “KamAZ” ýük maşyny bilen çakyşyp, wepat boldy.
38 ýaşyndaky Temir Jumakadyrow 7-nji oktýabrda, paýtagt Bişkegiň günbatarynda bolan ýol hadysasynda alan ýaralaryndan hassahanada jan berdi diýip, gyrgyz hökümet Azatlyk radiosyna aýtdy. Onuň sürüjisi we kömekçisi hem aradan çykdy.
Jumakadyrow premýer-ministr Sapar Isakowyň tabşyrygy esasynda, 15-nji oktýabrda Almazbek Atambaýewiň ýerine prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyklary gözden geçirmäge barýardy.
Hadysa bolanda ol Talas sebitindäki saýlaw uçastoklaryny barlamaga barýan eken.