Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ ilçihanasyny häzirlikçe Iýerusalime göçürmejekdigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp telewideniýe söhbetdeşliginde Ysraýyldaky amerikan ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek barada beren wadasyny häzirlikçe ýerine ýetirmejekdigini aýtdy we Eýran bilen baglaşylan möhüm ýadro ylalaşygy babatyndaky planlaryny anyklaşdyrmakdan boýun gaçyrdy.

Ozalky respublikan gubernator Maýk Hakabiniň TW programmasynda söhbetdeşlige gatnaşan Tramp 7-nji oktýabrda ysraýyl-palestin parahatçylyk ylalaşygyna itergi berilmegi üçin ýene bir synanyşyk edýänçä gapma-garşylykly ilçihana göçürmek çäresinden saklanjakdygyny aýtdy.

"Men şol synanşygy etmezden öň ilçihanany Iýerusalime göçürmek barada hatda pikir hem etmeýärin” diýip, Tramp Trinity telegepleşikler guramasy (TBN) bilen söhbetdeşlikde aýty.

“Biz uzak bolmadyk geljekde karara geleris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Iýerusalimiň durumy (statusy) ysraýyl-palestin konfliktindäki iň bir ynjyk meseleleriň biri bolup durýar.

Palestinalylar Iýerusalime öz geljekki döwletleriniň paýtagty hökmünde garaýarlar. Ysraýyl gündogar Iýerusalimi anneksiýa etdi we bu şäheri tutuşlygyna öz paýtagty diýip jar etdi. Bu çäre halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hiç wagt ykrar edilmedi. Köp ýurt öz ilçihanalaryny Tel-Awiwde ýerleşdirýär.

Tramp 2016-njy ýyldaky prezidentlik kampaniýalary mahalynda Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar etjekdigini we bu ýurtdaky amerikan ilçihanasyny şol ýere göçürjekdigini aýtdy.

Tramp Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygy babatdaky niýetlerini anyklaşdyrmakdan boýun gaçyrdy, ýöne ol özüniň “bu ylalaşykdan asla hoşal däldigini” aýtdy we “Maňa olaryň çemeleşmesi düýpden ýaranok” diýdi.

“Belki-de ol ýerde bu ylalaşygyň ruhy ýok... Olar göni manysynda problema sebäp bolýarlar, hususan-da Ýakyn Gündogarda” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýran we dünýä döwletleri, şol sanda Birleşen Ştatlar, 2015-nji ýylyň iýulynda ýadro ylalaşygyny baglaşdylar. Bu ylalaşyk esasynda Tähran, halkara sanksiýalarynyň gowşadylmagynyň deregine, öz ýadro işjeňliklerini togtatmaga razy boldy.

Birleşen Ştatlar we beýleki günbatar hökümetleri Eýranýadro ýaragyny edinjek bolýandyr öýdüp alada galýar. Tähran öz ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlardan, şol sanda elektrik öndürmekden ugur alýandygyny aýdýar.

Trampyň soňky aýdan sözleri 5-nji oktýabrda, Ak tamda harby ýolbaşçylar bilen duşuşanda aýdan zatlaryna, şeýle-de Eýranyň bu ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirýändigini ýa däldigini karar etmäge 10 gün galanda aýdan sözlerine gaýat gelýär, şonda ol Eýrany berk tankyt edipdi.

Şeýle-de onuň sözleri metbugatda peýda bolan birnäçe habarda aýdylýan zatlara gabat gelýär, ol habarlarda Trampyň bu ylalaşygy tassyklamakdan ýüz öwürýändigini, onuň ABŞ-nyň bähbitlerine däldigini yglan etmek planlary barada habar berilýär.

Bu çäre respublikanlaryň kontrollygyndaky Kongrese Tährana garşy şertnama esasynda togtadylan sanksiýalary gaýtadan girizmek kararyna gelmek ýa gelmezlik üçin 60 gün wagt berer.

XS
SM
MD
LG