Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň tanymal oppozision aktiwisti Turgunow azatlyga goýberildi


7-nji oktýabrda türmeden boşadylandan soň, Özbegistanyň tanymal oppozision aktiwisti we adam hukuklaryny goraýjy Agzam Turgunow
7-nji oktýabrda türmeden boşadylandan soň, Özbegistanyň tanymal oppozision aktiwisti we adam hukuklaryny goraýjy Agzam Turgunow

Özbegistanyň tanymal oppozision aktiwisti we adam hukuklaryny goraýjy Agzam Turgunow dokuz ýyl tussaglykda saklanandan soň, 7-nji oktýabrda möhletinden öň azatlyga goýberildi.

Turgunow, 2016-njy ýylda Yslam Kerimow aradan çykandan soň, prezident Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna geleni bäri türmeden boşadylan we syýasy tussag diýlip hasaplanýan birnäçe aktiwistiň biridir.

Özbegistanyň “Erk” oppozision partiýasynyň agzasy we ýurtda hasaba alynmadyk “Mazlum” atly adam hukuklaryny goraýjy toparyň ýolbaşçysy, 66 ýaşyndaky Turgunow 2008-nji ýylda bidüzgünçilikde aýyplanyp, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň tarapdarlary bu aýyplamalaryň esassyzdygyny we syýasy maksatlydygyny aýdypdylar.

Daşkentde ýaşaýan hukuk goraýjy aktiwist Abdurahmon Taşanow Turgunow azatlyga goýberilenden sanlyja minut soň ýazgy edilen wideony paýlaşdy.

XS
SM
MD
LG