Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Soçide GDA-nyň nobatdaky sammiti geçirilýär


Öňki sowet respublikalarynyň birnäçesiniň liderleri Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy we Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň sammitlerine gatnaşmak üçin 11-nji oktýabrda Russiýanyň Soçi şäherine bardylar.

Öňki sowet respublikalarynyň birnäçesiniň liderleri Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy we Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň sammitlerine gatnaşmak üçin 11-nji oktýabrda Russiýanyň Soçi şäherine bardylar.

Bu guramalaryň ýygnaklaryna Russiýanyň prezidenti Wladimri Putin ýolbaşçylyk edýär.

Bu ýylky sammit Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň arasynda dartgynlylyklaryň dörän mahalyna gabat geldi. Gyrgyz häkimiýetleri Gazagystany 15-nji oktýabrda Gyrgyzystanda geçiriljek prezident saýlawlaryna goşulyşmakda aýyplaýarlar.

9-njy oktýabrda gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew şu hepde geçiriljek Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy (GDA) sammitine gatnaşmak üçin Russiýa etjek saparyny goýbolsun etdi. Ol munuň sebäbini 15-nji oktýabrda Gyrgyzystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlary döwründe ýowuz durnuksyzlygyň bolmak ähtimallygy dogrusynda aladalarynyň bardygy bilen düşündirdi.

10-njy oktýabrda Putin Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Moldowanyň Russiýa tarapdar prezidenti Igor Dodon bilen aýry-aýrylykda duşuşyklary geçirdi.

11-nji oktýabrda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy (GDA) sammitiniň başlamagynyň öň ýanynda, Putin türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we özbek lideri Şawkat Mirziýoýew bilen hem duşuşdy.

Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy guramasyna agza ýurtlaryň hataryna Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan girýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG