Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ýadro ylalaşygyndan çekilmän, Tährany ‘ýepbeklär’


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň 13-nji oktýabrda etmegine garaşylýan çykyşynda, onuň Eýranyň Ýakyn Gündogardaky agressiýasy hökmünde görýän işlerini basyp ýatyrmak üçin, çäre görmäge çagyrmagyna garaşylýar, ýöne Tähran bilen täsirli ýurtlaryň arasynda baglaşylan ylalaşykdan hem el çekilmeýär diýip, amerikaly resmiler aýdýarlar.

Trampyň garaşylýan Ýüzlenmesinden birnäçe sagat ozal peýda bolan we Ak tamdan ýaýradylan Tährana garşy täze strategiýanyň esasy elementlerini görkezýän beýanatda prezident: “Eýran hökümetiniň ölüme we ýykan-ýumranlyga ýykgyn etmegini soňlatmak ugrunda, tutuş dünýäniň bize goşulmagynyň wagty geldi” diýdi.

Amerikan mediasy atlandyrylmazlyk şerti bilen çykyş eden resmilere salgylanyp, Trampyň 2015-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk bähbitlerine gabat gelmeýändigini we Tähranyň ballistik raketalary kämilleşdirmeginiň hem-de regional konfliktlere meçew bermeginiň ylalaşygyň “ruhuna” ters gelýändigini aýtjakdygyny habar berdi.

Ýöne ol Eýranyň sanksiýalaryň gowşadylmagyna jogap hökmünde ýadro hereketlerini togtatmak boýunça borçnamalaryny tehniki taýdan berjaý etmeýändigini yglan etmez we oňa garşy sanskiýalaryň täzeden girizilmegine çagyryş etmez diýip, resmiler aýdýarlar.

Muňa derek Tramp Tähran sanksiýalaryň gowşadylmagyndan peýdalanmagy dowam etmekçi bolsa, Kongresde täze we has talap ediji kanunçylygyň kabul edilmelidigine, muňa-da Tähranyň boýun bolmalydygyna ünsi çeker diýip, resmiler belleýärler.

‘Durnuksyzlaşdyrjy täsir”

Prezidentiň çykyşynyň öňýany Ak tamdan ýaýradylan beýanatda, Eýran hökümetiniň “durnuksyzlaşdyryjy täsirini” güýçden düşürmek, onuň agressiýasyny, hususan-da onuň terrorçylygy we jeňçileri goldamagyny çäklendirmek, şeýle-de onuň ýadro ýaraglaryny edinmeginiň öňüni almak maksatlaryna gönükdirilen strategiýalaryň ugurlary agzalýar.

Beýanatda Trampyň administrasiýasynyň Eýrana, aýratyn-da onuň Rewolýusion gwardiýa gullugyna, onuň “zyýanly hereketlere” niýetlenen gaznasyna böwet bolmak ugrunda, şeýle-de gullugyň “Eýran halkynyň baýlyklaryny zor bilen almagyna” garşy çykmak üçin iş alyp barjakdygy aýdylýar.

Ýöne beýanatda Rewolýusion gwardiýa korpusyny terrorçy gurama yglan edip-etmezlik barada agzalmaýar. Eýran hökümeti bu barada Trampyň administrasiýasyna öňünden duýduryş berip, şeýle yglan edilen halatynda “kybapdaş jogap” gaýtaryljakdygyny aýdypdy.

Şol bir wagtyň özünde, Tramp administrasiýasy Rewolýusion gwardiýa korpusynyň “adam hukuklaryny agyr kemsitmegini we onuň amerikan raýatlaryny we beýleki daşary ýurtly raýatlary ‘ýalan-ýaşryk’ aýyplamalar bilen adalatsyz tussag etmegini” ýazgartmak üçin, halkara jemgyýetçiliginde iş alyp barjakdygyny beýan etdi.

Beýanatda iň esasy mesele hökmünde prezidentiň administrasiýasynyň “Eýran režimi bilen ýadro ýaraglarynyň arasyndaky ähli ýollary böwetlejekdigi” aýdylýar.

Trampyň 13-nji oktýabrda Waşington wagty bilen öýlän sagat 12:45-de çykyş etmegine garaşylýar.

2015-nji ýylyň iýulynda dünýäniň alty täsirli ýurdy, ýagny Birleşen Ştatlary, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Russiýa bilen Eýranyň arasynda baglaşylan ylalaşyk oňa garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagyny, muňa derek Eýranyň ýadro programmasynyň çäklendirilmegini düzgünleşdirýär.

Tramp prezident Barak Obamanyň döwründe gol çekilen bu ylalaşygy gaýta-gaýta tankyt edip gelýär. Geçen aý BMG-niň Baş assambleýasynda eden çykyşynda Tramp bu ylalaşygyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň şu wagta çenli gol goýan iň erbet we iň bir birtaraply ylalaşyk bolandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň kanunçylygynyň talaplaryna görä, administrasiýa her 90 günden bir gezek Eýranyň ýadro ylalaşygyna ygrarlydygyna we munuň Birleşen Ştatlaryň milli bähbitlerine gabat gelýändigine güwä geçip durmaly. Tramp administrasiýasy mundan ozal iki gezek Eýranyň ylalaşygyň talaplaryny berjaý edýändigini tassyklady.

Kongres karar berer

Media maglumatlarynda bu sapar prezidentiň aňry gitse 15-nji oktýabra çenli etmeli güwä geçişliginde, Eýranyň ygrarlylygyny tassyklamajakdygy, ýöne şol bir wagtyň özünde-de Birleşen Ştatlaryň ylalaşykdan resmi taýdan çekmejekdigi habar berilýär.

Munuň netijesinde respublikanlaryň gözegçiligindäki Kongres öňümizdäki 60 günüň dowamynda Tährana garşy ylalaşygyň çäginde ýatyrlan sanksiýalaryň täzeden girizilip-girizilmezligi barada karar çykarar.

Kongres sanksiýalary täzeden dikeldip bilýän-de bolsa, kanun çykaryjylaryň arasynda, hatda 2015-nji ýylda karar ilki kabul edilende muňa garşy çykan respublikanlaryň we demokratlaryň arasynda-da, soňky döwürlerde ‘ylalaşyk dowam etse gowy bolar’ diýen pikir agdyklyk edip başlady .

Tramp we administrasiýanyň beýleki resmileri ylalaşygyň esasy şertlerini Eýranyň berjaý edýän bolmagynyň mümkindigini, ýöne onuň ylalaşygyň “ruhuna” gabat gelmeýän işler bilen meşgul bolýandygy; ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply ballistik raketa synaglaryny dowam edýändigini we Ýakyn Gündogardaky goňşularynyň işlerine gatyşýandygyny aýdyp gelýär.

Tähran özüniň ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini aýdýar.

Demokratlaryň aglabasy, respublikanlaryň käbiri, şol sanda Trampyň milli howpsuzlyk topary ylalaşykdan yza çekilmegiň Birleşen Ştatlaryň dünýädäki abraýyna oňaýsyz täsir etmeginiň mümkindigini aýdyp, aladalaryny beýan edýärler.

Tramp çykyşynyň dowamynda ýadro ylalaşygy barada gürrüň etmek bilen bir hatarda Eýranyň ýadro bilen baglanyşygy bolmadyk beýleki hereketlerine bildirilýän närazyçylyklara degip geçer diýip, Birleşen Ştatly resmiler aýdýarlar.

Olaryň arasynda Eýranyň ballistik raketa programmasy, regiony durnuksyzlaşdyrýan Liwanyň “Hizbullah” hereketi we beýleki toparlar bilen bilelikde Siriýadaky graždan urşunda ýurduň prezidenti Başar al Assady goldamagy ýaly meseleler bar.

XS
SM
MD
LG