Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz prezidenti prezidentlige kandidaty daşary ýurduň “altylygy" atlandyrýar


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Merkezi Aziýa ýurdunda 15-nji oktýabrda beriljek ses berişligiň öňündäki dartgynlyklar arasynda, ýurtda öz ornuna prezident saýlamak üçin geçirilýän saýlawlaryň öňdebaryjy kandidatyny daşary ýurduň “şestýorkasy” (altylygy) diýip atlandyrdy.

Atambaýew 13-nji oktýabrda eden çykyşyynda hiç bir kandidatyň ýa ýurduň adyny agzamady, emma ol sözler saýlawa gatyşmakda we dolandyjy partiýanyň kandidatynyň esasy garşydaşy, biznesmen Ömürmek Babanowy goldaýan Gazagystana gönükdirilendi.

"Indi daşary ýurduň puldarlary we häkimiýet eýeleri biziň boýnumyza öz altylyklaryny atjak bolýarlar” diýip, Atambaýew günortadaky Batken regionyna sapary wagtynda aýtdy.

"Bizi öz pullary bilen satyn almagy başarmansoňlar, olar indi bizi gorkuzmaga çalyşýar” diýip, ol gyrgyz resmileriniň serhet barlaglarynyň güýçlendirilendigi we munuň Gazagystana barýan adamlaryň we maşynlaryň sagatlap gijä galmagyna sebäp bolandygy barada aýdanlaryny nazara alyp aýtdy.

"Azyndan 3 müň ýyllyk taryhy bolan gyrgyz halky hiç wagt üç günlük gabaw bilen gorkuzylyp bilinmez we hiç haçan kimdir birleriniň altylygyna ses bermez” diýip, Atambaýew aýtdy.

Atambaýew konstitusiýa esasynda ikinji möhlet prezidentlige dalaş edip bilmeýär we alty millionly ýurduň indiki prezidentiniň Sooronbaý Jeenbekow bolmagyny, ýagny onuň saýlawlarda üstün çykmagyny isleýändigini açyk-aýdyň etdi. Sooronbaý Jeenbekow onuň ozalky premýer-ministri we dolandyryjy Sosial demokratik partiýanyň kandidaty bolup durýar.

Babanowyň kampaniýasy 13-nji oktýabrda Atamaýewiň “kandidata beren masgaralaýjy bahasyny” ret etdi we prezidenti “dogruçyl saýlaw” geçirmek barada beren “wadasynda” durmaga hem-de kandidatlaryň hiç birini açyk goldamazlyga çagyrdy diýip, Russiýanyň “Interfax” habar gullugy habar berdi.

"Siziň aýdýan sözleriňiz, soňky ýyllaryň görkezişi ýaly, kanun goraýjy häkimiýetleriň we sudlaryň çykarýan kararlaryna gönüden-göni täsir ýetirýär. Biz bu adalatsyzlyk, kanuny, açyk we bäsleşikli saýlaw prinsiplerini bozýar diýip hasaplaýarys” diýip, “Interfax” habar gullugy Bişkekde çap edilen beýanata salgylanyp ýazdy.

Atambaýewiň soňky aýdan sözleri onuň 7-nji oktýabrda gazak häkimiýetlerini “Gyrgyzystanyň içerki işlerine gatyşmakda” we Babanowy açyk goldamakda aýyplap eden çykyşynyň bölekleýin gaýtalanmasy boldy.

Atambaýew şol çykyşynda sowet döwründen bäri häkimiýetde oturan gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi uzak wagtlyk dolandyryşy üçin tankyt etdi.

Bu aýyplamalar Nazarbaýew 19-njy sentýabrda Babanow bilen duşuşandan soň ýüze çykdy. Babanow Jeenbekow bilen bilelikde saýlawlardaky bäsleşigiň öňüni çekýär we goňşy ýurduň saýlaw kampaniýasy wagtynda olaryň biri bilen duşuşmagy o diýen kadaly zat däldi.

Babanowa edilýän basyşy artdyrmak bilen, Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň edarasy 13-nji oktýabrda onuň günorta Gyrgyzystandaky etniki özbeklere aýdan sözleriniň içinde “etniki ýigrenje meçew bermek elementleriniň” bolandygyny aýtdy.

Emma bu meselede resmi derňew geçiriljekdigi ýa-da onuň nähili netijelere getirip biljekdigi aýdylmady.

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 10-njy oktýabrda şol sözleri üçin duýduryş çap etdi we olaryň etniki agzalalyk döretmek ähtimallygynyň bardygyny aýtdy.

Bu Babanowyň kampaniýa düzgünlerini bozmakda aýyplanyp alan üçünji duýduryşydyr, birinji duýduryşy ol kampaniýa plakatlary bilen baglylykda, ikinjisini, saýlaw resmileriniň aýtmaklaryna görä, yslamçy ruhanyny öz kampaniýasyna gatnaşdyrandygy üçin aldy.

Bu duýduryş komissiýanyň Babanowyyň saýlawa gatnaşmagyny gadagan etmäge çalyşmak ähtimallygy barada alada döretdi we tarapdarlary munuň saýlaw gününe şeýle golaý galanda bikanun boljakdygyny öňe sürdüler.

Atambaýewiň “gabaw” diýen sözleri gyrgyz-gazak serhedindäki ýagdaýlary nazarda tutýar, sebäbi ol ýerde onuň Gazagystany tankytlan ilkinji çykyşyndan bäri uly nobatlar döredi we gazak häkimiýetleri geçýän adamlaryň we maşynlaryň barlagyny haýalladan ýaly göründi.

Gazak resmileri gyrgyz saýlawlaryna gatyşýandyklary barada aýdylanlary ret etdiler we serhet geçelgesindäki haýallamalaryň “planlaşdyrylan serhet operasiýalarynyň” netijesidigini aýtdylar.

Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy (OSK) 13-nji oktýabrda komissiýa agzasy Marat Sarsenbaýew saýlawlara syn etmek baradaky gyrgyz çakylygyny, “biziň ýurdumyzyň ol ýa-da beýleki görnüşde Gyrgyzystandaky ses berişlige gatyşmakda aýyplanmagyndan ätiýaç edip”, ret etdi diýdi.

Komissiýa bu karary goldady. Başlygyň orunbasary Konstantin Petrow “Gyrgyzystanyň prezidentiniň Gazagystan baradaky görlüp-eşidilmedik beýanatyndan soň” OSK gyrgyz saýlawlaryna gözegçilik etmez diýdi.

Emma muňa garamazdan OSK, GDA ýurtlarynyň, ÝHHG-nyň we Türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň saýlaw gözegçileri missiýasynyň çäginde, 46 sany gazak resmisiniň saýlawlara syn etjekdigini hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG