Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan geljek ýylyň maýynda BMG-de adam hukuklary boýunça hasabat berer


Türkmen polisiýasy saklanan adamy alyp barýar. Arhiw suraty
Türkmen polisiýasy saklanan adamy alyp barýar. Arhiw suraty

Türkmenistan geljek ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Geňeşiniň işçi toparyna adam hukuklarynyň ýagdaýy barada nobatdaky hasabatyny berer.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň maglumatyna görä, BMG-nyň geňeşiniň işçi topary Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyna ählumumy döwürleýin synyň (ÄDS) mehanizmleriniň çäginde sereder.

Prosedura laýyklykda, dört ýylda bir gezek hökümetler ÄDS-na resmi hasabat berýär.

Adat boýunça, garaşsyz hukuk goraýjy toparlar hem bu diňlenişige öňünden hasabat taýýarlap, ýagdaýy gowulaşdyrmak hem-de has ýiti problemalary çözmek babatyndaky rekomendasiýalaryny BMG-nyň geňeşine berýärler.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Adam hukuklaryny goraýan Türkmen inisiatiwasynyň, Adam hukuklary baradaky halkara partnýorlugynyň we “Human Rights Watch“ guramasynyň bilelikde bu diňlenişik üçin alternatiw hasabat taýýarlandyklaryny habar berýär.

Olaryň hasabatynda “Pikir aýtmak azatlygy we metbugat azatlygy”, “Raýat jemgyýetiniň ösüşi”, “Adam gynamalaryndan, eden-etdilikli tussag edilmelerden we zorlukly ýitirim bolmalardan azatlyk”, “Hereket azatlygy”, “Häkimiýetler tarapyndan alnan jaýlar üçin degerli kompensasiýa almak hukugy” diýen bölümler bar.

Bu hasabat bilen (iňlis dilinde) şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG