Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Täjigistanda adam hukuklary boýunça hemişelik 'kemçilikleri' ýüze çykardy


ÝB-niň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Toýwo Klaar
ÝB-niň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Toýwo Klaar

Ýewropa Bileleşiginiň delegasiýasy käbir pudaklarda “gowy öňegidişligiň” bardygyna garamazdan, Täjigistanyň adam hukuklary ýagdaýyndaky hemişelik “kemçilikleri” ýüze çykardy. Bu barada ÝB-niň 13-nji oktýabrdaky beýanatynda aýdylýar.

Bu beýanat “Human Rights Watch” guramasy tarapyndan, “örän gowşak” diýlip, bada-bat tankyt edildi.

ÝB-niň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Toýwo Klaaryň ýolbaşçylygyndaky delegasiýasy Täjigistanyň paýtagty Duşenbede prezident Emomali Rahmonyň adam hukuklary bölüminiň başlygy Abdujabbor Sattorzoda bilen duşuşdy diýip, beýanatda aýdylýar.

Gelnen netijä görä, Merkezi Aziýa ýurdundaky raýat jemgyýeti toparlarynyň aktiwligi has çäklendirilipdir we täjik hökümeti kanunçylyk prosesinde döwletden aýry gurmalar bilen has kän gatnaşyk etmäge çagyryldy.

Duşuşykda Täjigistanyň aýallaryň hukuklaryny hormatlamakda, içerki zorlugyň öňüni almakda “gowy öňegidişlik” gazandygy barada ylalaşyldy, şeýle-de täjik hökümeti adam gynalmagynyň we gazaply daraşylmagynyň öňüni almakda düýpli tagallalary etdi” diýip, beýanatda aýdylýar.

ÝB delegasiýasy täjik hökümetini metbugat we garaşsyz žurnalistler babatdaky çäklendirmeleri, şeýle-de din azatlygyndaky gadaganlyklary azaltmak üçin anyk çäreleri görmäge çagyrdy.

ÝB saklanyp galýan “kemçilikleriň” hatarynda harby gullukda, deslapky tussaghanada, ýarym ýapyk we ýapyk döwlet edaralarynda adam gynalmagynyň saklanyp galmagyny mysal getirdi.

XS
SM
MD
LG