Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dünýa liderleri Somalidäki hüjümi ýazgardylar


Somaliniň paýtagtyndaky hüjümde azyndan 276 adam ölüp, 300-e golaýy hem ýaralandy.

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterres we beýleki dünýä liderleri Somaliniň paýtagtynda içi bombaly ulagyň partladylmagyny ýazgardylar. Hüjümde azyndan 276 adam ölüp, 300-e golaýy hem ýaralandy.

Guterres özüniň Twitter hasabynda “bu hüjümden lapykeç bolandygyny” aýdyp, “terrorizme garşy jebisleşmäge” çagyrdy.

Somaliniň hökümeti Mogadişudaky hüjümi Al-Kaýda we Al-Şabab ekstremistleriniň amala aşyrandygyny aýtdy. Emma, bu toparlaryň hiç biri jogapkärçiligi öz üstüne almady.

Resmiler hüjümde heläk bolanlaryň sanynyň ýene-de artyp biljekdigini aýdýarlar.

ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň liderleri hem hüjümi ýazgaryp, çykyş etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG