Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ tarapyndan goldanylýan güýçler Rakkanyň ‘kontrollygyny doly’ ele geçirdi


Siriýanyň demokratiýa güýçleriniň agzalary. 16-njy oktýabr, 2017 ý. Rakka
Siriýanyň demokratiýa güýçleriniň agzalary. 16-njy oktýabr, 2017 ý. Rakka

Siriýada Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan harby güýçler bir döwür “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň esasy birikmesi bolan Rakka şäheriniň “kontrollygyny doly ele geçirendiklerini” aýdýarlar.

“Rakkadaky harby operasiýalar tamamlandy. Ýöne bu ýerde bolaýmagy mümkin gizlin birikmeleriň üstüni açmak boýunça arassalaýyş operasiýalary we minalary aýyrmak çäreleri dowam edýär” diýip, Siriýanyň demokratiýa güýçleriniň (SDF) metbugat wekili Talal Sello 17-nji oktýabrda beren maglumatynda aýtdy.

“Ýakynda bu şäheriň azat edilendigi barada resmi beýanat yglan ediler” diýip, kürtleriň ýolbaşçylygyndaky Siriýanyň demokratiýa güýçleri “Yslam döwleti” toparynyň Siriýanyň demirgazyk şäherindäki soňky ojaklaryny, şol sanda esasy keselhanany we stadiony ele salandan soň, Sello aýtdy.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasy dört aýa golaý wagt bäri Siriýanyň demokratiýa güýçleri tarapyndan gabawa alnan Rakka şäheriniň “Yslam döwleti” toparyndan arassalanandygyny tassyklady.

15-nji oktýabrda Siriýanyň demokratiýa güýçleri käbir söweşijileriň we olaryň maşgalalarynyň Rakkany terk etmegine rugsat berlensoň, şäheri “Yslam döwleti” söweşijilerinden arassalamak boýunça “soňky” hüjümlere başlanandygyny mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG