Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina ýurduň gündogarynda iki esgeriniň öldürilendigini aýdýar


Ukrainanyň harby güýçleri Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň 16-njy oktýabrda ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy ençeme gezek bozmagy netijesinde, özüniň iki esgeriniň öldürilendigini aýdýar.

Esgerleriň biri separatistleriň kontrollygyndaky etrapdan amala aşyrylan ok atyşygyň, beýlekisi partladyjy serişdäniň üstünden barmagy netijesinden aradan çykdy diýip, Ukrainanyň harby güýçleriniň 17-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Şeýle-de, maglumatda iki wakanyň hem ýurduň Donetsk regionynda bolandygy nygtalýar.

Soňky 24 sagadyň dowamynda separatistler ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy 36 gezek bozdular we ukrain güýçleri olara 28 sapar gaýtawul berdiler diýlip, beýanatda aýdylýar.

Ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň bozulandygy barada henize çenli separatist güýçler tarapyndan haýsydyr bir beýanat ýaýradylmady.

Ukrain güýçleri bilen Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasynda 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri dowam edýän çaknyşyklarda 10 müňden gowrak adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG