Sepleriň elýeterliligi

Düýeji: Türkmenistanyň teatry syýasy propagandanyň täsirinde


Aym Abdurrahman Düýeji

Türkmenistanyň metbugaty Aşgabatda bu ýylyň teatr möwsüminiň “uzak garaşdyran premýeralar we tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan oýunlar bilen açylandygyny” habar berdi.

Azatlyk Radiosy Aşgabatda täze teatr möwsüminiň başlamagy mynasybetli Türkmenistanyň teatry barasynda kandidatlyk işini goran, Türkmensähradaky türkmenlerden bolan, häzir Türkiýäniň Trakýa uniwersitetiniň amaly-haşam sungaty fakultetinde işleýän alym Abdurrahman Düýeji bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

Alym Abdurrahman Düýeji Tähranda sungat uniwersitetinde okaýan mahaly Türkmenistana barandygyny we bir ýyllap bu ugurda ylmy barlag geçirendigini aýdýar. Ol şol döwürde Aşgabatda türkmen teatry bilen ýakyndan tanyş bolandygyny belleýär. Alym Türkmen teatrynyň Konstantin Stanlislawskiniň "sosial realizm" ýolunda belli döwürlerde uly ösüşlere eýe bolandygyna üns çekýär.

Alym Abdurrahman Düýeji garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda türkmen teatrynyň öndürjilikli hem üstünlikli işländigini nygtap, muňa mysallar getirýär.

"Kandidatlyk dissertasiýamy ýazan döwrümde, Türkmenistana häzirki ýagdaýa görä has aňsat gidip-gelip bolýardy we rahat ylmy işler ýazyp bolýardy. Şol döwürde Türkmenistanyň ilçihanasyna ýüz tutyp, ylmy-barlag geçirmäge gitjek bolýanyňy aýdanyňda, wiza almaga kömek edýärdiler we şeýle işi goldaýardylar. Häzirki döwürde bolsa Türkmenistana gidip bolanok. Gidip bolanok diýlende wiza berenoklar. Türkmenistany häzir ýapyk ýurda öwürdiler. Arkaýyn gidip, ol ýerde ylmy barlag geçirip, ylmy işleri rahat ýazyp bolanok. Bolmasa häzirem gidip, Türkmenistanda ylmy barlaglar geçirip, ol ýerde ylmy işler ýazasymyz gelýär. Elimizden geldiginden Türkmenistanyň teatryny dünýä tanatmak üçin, ýene alada etjek" diýip, alym türkmen teatry baradaky ylmy işleriň dowam etmegine päsgel berýän ýagdaýlara üns çekýär.

Alym Düýeji, Türkmenistanyň teatrynyň garaşsyzlyk döwründäki ýagdaýy barada bolsa şeýle pikir beýan edýär:

"Soňky iki-üç ýyllykda Türkmenistanda bolup, türkmen teatrynyň ýagdaýyny gördüm. Üýtgän zat ýok. Hany ol owalky güýçli türkmen teatry? Hany ol "On ýyl tussaghanada" ýaly güýçli oýunlar? Bu gezek hemme zat Arkadaga baryp, şonuň töwereginde aýlanyp dur. Ýene propaganda teatry orta çykdy. Şeýle ýagdaýda dowam etse, näbileýin, erkin ruh we erkin pikir-düşünje bolmasa sungat ösmeýär. Aslynda Türkmenistanyň gaty güýçli teatry bar we şony dowam etdirmeli. Men düýbi şeýle güýçli tutulan türkmen teatrynyň propagandanyň täsirinde yza gaýdýandygyna gaty gynanýaryn. Türkmen teatryna gowy günler arzuw edýärin. Şol owalky ösüş ýoluny dowam etsin" diýip, Türkmensähra türkmenlerinden bolan Abdurrahman Düýeji Azatlyk Radiosynyň diňleýjileri bilen öz pikrini paýlaşýar.

Sözi jemläp aýtsak, Türkmenistandaky ýerli synçylar bolsa türkmen teatrlarynyň berk senzura astynda işlemeli bolýandygyny, şu sebäpden hakyky eserleriň sahnalaşdyrylmaýandygyny we türkmen teatrynyň tomaşaçylaryny hem doly diýen ýaly ýitirendigini aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG