Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärendeçi: Döwletiň pagta plany dolýar, emma daýhanyň saçagy dolmaýar


Türkmenistan. Pagta harmany. Arhiw suraty
Türkmenistan. Pagta harmany. Arhiw suraty

Türkmenistanda 19-njy oktýabra çenli döwlet harmanyna tabşyrylan pagta hasylynyň möçberi 1 million tonnadan geçdi. Türkmen döwlet habarlar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň pagtaçylary gazanylan üstünlik bilen gutlap, olara täze zähmet ýeňişlerini arzuw edendigini habar berýär.

Şonuň bilen bir wagtda ýerli synçylar soňky on ýylda wezipeli adamlaryň ýüzläp gektar ýer almagynyň we ýersiz, işsiz adamlary ezmeginiň kada öwrülendigini, iki-üç gektar ýerli kärendeçileriň köplenç zyýanyna işleýändigini aýdýarlar.

Prezident Berdimuhamedow awgust aýynda pagta ýygymy başlaly bäri geçen gysga wagt içinde ýygymyň haýallygyny birnäçe gezek tankyt etdi, gowaça meýdanlaryna çykarylan kombaýnlaryň sanynyň azlygyndan nägile boldy. Emma indi onuň plany 27-nji oktýabra – Garaşsyzlyk baýramyna çenli doldurmak baradaky talabynyň ýerine ýetirilýändigi belli bolýar.

Bu talapdan öň Berdimuhamedow ýurduň agrosenagat pudagynyň ýolbaşçylaryny ençeme gezek berk tankyt etdi, degişli wise-premýerini täzeledi we welaýat häkimlerine bugdaý planynyň dolmandygy üçin käýinç berdi.

Şeýle-de Berdimuhamedow soňky birki ýylda geçiren hökümet mejlislerinde ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygynyň pesdigini, ýerleriň şorladylýandygyny, zeýkeşleriň ýeterlik arassalanylmaýandygyny, ekin dolanyşygynyň we beýleki agrotehniki kadalaryň ýeterlik berjaý edilmeýändigini boýun aldy.

Ikinji tarapdan, Berdimuhamedow daýhanlaryň ýerden ýokary hasyl almagy üçin ähli şertiň döredilendigini, gallaçylara we pagtaçylara tehnika, dökün, suw kömeginiň berilýändigini aýdýar.

Emma ýerli synçylar Türkmenistanyň sowet döwründen gelýän pagta problemalarynyň türkmen mediasynda beýan edilişinden has çylşyrymlydygyny gürrüň berýärler.

Galla, pagta ekýän daýhanyň ýagdaýy häzir Nyýazow döwründäkiden hem agyr, sebäbi ol döwürde suw mugtdy, dökün tas mugtdy, traktor-tehnika üçin töleg alnanokdy” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürleşen daýhan gürrüň berdi. Şeýle-de, daýhanyň sözlerine görä, “Nyýazow döwründe daýhanyň tabşyran pagtasyndan alynýan ýagyň belli bir bölegi yzyna, ýag görnüşinde, mugt gaýtarylyp berilýärdi, emma indi bu eglişikleriň bary tölege geçdi”.

Ýöne daýhanlar öz kärende ýerlerindäki ýap boýlarynda kädi, gawun-garpyz ekmek gadaganlygynyň Nyýazow döwründen bäri gelýändigini hem gürrüň berýärler. "Ýap boýunda kädi-beýleki ekseň, maşgalaň özi üçin azyk ýa bazarda satsa, goşmaça girdeji boljak, emma şolam gadagan” diýip, anonim şertlerde gürleşen daýhan Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Mundanam başga, daýhanlaryň gürrüň bermeklerine görä, ýer meselesinde uly adalatsyzlyklar edilýär, wezipeli adamlar ýüzläp gektar gowy ýerleri eýeleýärler we ol ýerlerde hakyna tutulan adamlary arzan işçi güýji edip ulanýarlar. Bu ýagdaý halk döredijiliginde, özüni Bibi atlandyran türkmen raýatynyň Azatlyk radiosyna iberen goşgusynda hem ýaňzydylýar.

Tejenli agronom, telekeçi Akmyrat Ataýewiň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Türkmenistanda häkimiýetler hasap-hesibi bilýän, öz hakyny talap edýän adamlary halamaýarlar we daýhanlar ýer, suw, dökün meselesinde edilýän adalatsyzlyklardan şikaýat etmäge hem gorkýarlar.

Adynyň aýdylmazlyk şerti bilen Azatlygyň habarçysyna arzyny aýdan başga bir daýhanyň sözlerine görä, ýönekeý kärendeçileriň suw nobaty hemişe wezipeli, köp ýerli adamlardan soňa goýulýar. “Emma muňa garamazdan, hasaplaşyk wagtynda kärendeçiden doly tutup bilmedik suwy üçin hem doly töleg talap edýärler. Agrotehnikada, ylymda kesgitlenen normalar esasynda, daýhana sen şunça gektar ýeriňe şunça suw ulandyň” diýýärler, onuň hakykatda näçe gezek suw tutany bilen hiç kimiň işi ýok, suw alynýan sakalardasuw ölçeýji gurallar hem ýok” diýip, ahally daýhan Azatlygyň habarçysyna aýtdy. Şeýle-de ol "kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider, döwletiň pagta plany dolýar, emma daýhanyň saçagy dolmaýar we barha gowzaýar" diýdi.

Prezident Berdimuhamedowyň 19-njy oktýabrda geçiren hökümet maslahatynda aýtmagyna görä, bu ýyl döwlet harmanyna tabşyrylan pagtanyň ýurtda gurlan dokma fabriklerinden artan möçberi Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üstünden daşary ýurtlara satylar.

Türkmenistan bu ýyl 545 müň gektar ýerden 1 million 50 müň tonna pagta öndürmegi planlaşdyrýar. Bu möçberdäki pagtanyň näçe böleginiň el bilen, näçe böleginiň maşyn bilen ýygyljagy, pagta hasylyny ýetişdiren daýhanlaryň her gektardan näçe hasyl alanda näçe girdeji aljagy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, hukuk goraýjy gurmalar türkmen häkimiýetlerini pagtaçylykda mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG