Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň sudy özbek žurnalistiniň şikaýatyny ret etdi


Ali Feruz lakamly Hudoberdi Nurmatow.
Ali Feruz lakamly Hudoberdi Nurmatow.

Moskwanyň sudy Russiýanyň “Nowaýa Gazeta” atly garaşsyz gazetiniň özbek habarçysy Ali Feruzyň rus Içeri işler ministrligine garşy eden sud şikaýatyny ret eti.

Feruz 2015-nji ýylda özüne syýasy gaçybatalga bermegi ret eden Russiýanyň immigrasiýa resmilerine garşy suda şikaýat bilen ýüz tutupdy.

20-nji oktýabrda Moskwanyň Basmanny etrap sudy immigrasiýa resmileriniň Feruza syýasy gaçybatalga bermegi ret etmek baradaky netijesiniň dogrudygy we Feruzyň özüne Özbegistanda howp abanýandygyny subut etmekde şowsuz bolandygy barada karar çykardy.

1986-njy ýylda Sibirde doglan Feruz, ýagny Hudoberdi Nurmatow 17 ýaşynda öz özbek öweý kakasy bilen ýaşamak üçin Özbegistana gidýär.

Ýöne ol, aýdylmagyna görä, 2008-nji ýylda Özbegistanyň howpsuzlyk gullugy tarapyndan iki gün tussag edilip, urlup-ýenjilýär. Şondan soň ol Özbegistany terk edýär.

XS
SM
MD
LG