Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko ýyl aýagyna çenli korrupsiýa garşy sud döretmek tagallasyny wada berýär


Ukrain protestçileri Kiýewde korrupsiýa garşy sud döredilmegini talap edýärler.
Ukrain protestçileri Kiýewde korrupsiýa garşy sud döredilmegini talap edýärler.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko şu ýylyň aýagyna çenli korrupsiýa garşy sud döretmek kanunyny işläp düzmäge itergi berjekdigini aýdýar. Onuň bu sözleri günbatarly ýaranlarynyň we Kiýewde, parlamentiň daş işiginde çadyr guran protestçileriň talaplaryna berlen jogaba meňzeýär.

Poroşenko 20-nji oktýabrda Kiýewde serhet goragçylarynyň blogy bilen duşuşanda çykyp gürläp, prezidentlik kampaniýasy döwründe beren esasy wadalarynyň yzynda durjakdygyny aýtdy.

Ol ozalky rus goldawly prezident Wiktor Ýanukowiç häkimiýetden çetleşdirilenden soň geçirilen saýlaw kampaniýasynda düýpli guramaçylyk özgertmelerini geçirmegi wada beripdi.

Bu çäre Kiýewde 2014-nji ýylda Ýanukowiç günbatara tarapdar köçe protestleri arkaly häkimiýetden çetleşdirileli bäri oppozisiýanyň ilkinji durnukly protestleriniň geçýän wagtynda görülýär.

Poroşenko geljek ýylyň býujet taslamasyna eýýäm geljekde korrupsiýa garşy dörediljek sud üçin pul bölendigini aýtdy. “Bu döwlet ýolbaşçylarynyň şeýle wajyp sud edarasyny geljek ýyldan işe girizmeklige ygrarlydygyny görkezýär” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG