Türkmenistanyň Owadandepe şäherçesinde tebigy gazdan benzin öndürýän uly zawod gurulýar.
Türkmen döwlet habarlar gullugynyň täze zawody buýrujy“Türkmengaz” döwlet konsernine salgylanyp berýän habaryna görä,“Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” ýapon kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan kärhanada dünýä tejribesinde ilkinji gezek tebigy gazdan suwuk ýangyç almak işi amala aşyrylar.
“Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň tehnologiýasyna esaslanan “GTG”-Gas to gasoline” taslamasy her ýylda gazyň 1 milliard 785 million kub metrini gaýtadan işlemäge hem-de Euro-5 standartynyň talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer” diýip, neşir ýazýar.
Şeýle-de habarda bu zawod üçin Kärhana üçin ABŞ-dan, Britaniýadan, Fransiýadan, Gollandiýadan, Şwesiýadan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Hindistandan we beýleki ýurtlardan döwrebap enjamlaryň satyn alnandygy aýdylýar.
“Trend” habarlar gullugy bu proýektiň bahasynyň $1.7 milliard töweregidigini, onuň Ýaponiýanyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň maýalary esasynda gurulýandygyny habar berýär.
TDH-nyň maglumatyna görä, täze zawodyň gurluşyk meýdançasynda daşary ýurtly hünärmenleriň 700-den gowragy, ýerli işçileriň we inženerleriň 4700-den gowragy zähmet çekýär.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!