Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Iki metjide edilen hüjümlerde togsana golaý adam öldi


Kabul. Y mam Zaman metjidi

Owgan resmileri janyndan geçen bombaçylaryň Owganystanda iki metjide, uruşdan tozan ýurtda dowam edýän mezhep aýyrmalarynyň we terror zorluklarynyň çäginde guran hüjümlerinde azyndan 89 adamy öldürendiklerini aýdýarlar.

20-nji oktýabrda Kabuldaky şaýy metjidine we merkezi owgan welaýaty Ghordaky sünni metjidine edilen hüjümlerde ölenleriň sanynyň has köpelmegi ahmal diýip, resmiler aýtdylar.

Häzire çenli hüjümleriň hiç biriniň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

Bu hüjümler “Talybanyň” Kandagar welaýatynda harby baza hüjüm edip, 43 esgeri öldüren, 9 esgeri ýaralan gününden bir gün soň edildi.

Içeri işler ministrligi Kabul hüjüminde, paýtagtyň günbataryndaky Daşt-Barçi seksiýasynda, Ymam Zaman metjidinde namaza ýygnanan adamlaryň arasynda özüni partladan adamyň azyndan 56 adamy öldürendigini, 55 adamy ýaralandygyny aýtdy.

Käbir habarlarda bombaçynyň özüni partlatmazdan öň adamlary oka tutandygy hem aýdylýar.

Germaniýanyň dpa habar gullugy ady aýdylmaýan çeşmä salgylanyp, bu hüjümde ölenleriň sanynyň 70 ýa 80 adama golaý bolandygyny ýazýar.

Resmiler ikinji hüjümde, Hewiaganda, merkezi Ghor welaýatynyň Dulaýna etrabyndaky sünni metjidinde partladylan bombanyň azyndan 33 adamy öldürip, 10 adamy ýaralandygyny aýtdylar.

Ýerli resmi bu hüjümiňşol wagt metjidiň içinde bolan anti-talyban komandiri nyşana alan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Owgan prezidenti Aşraf Gani bu hüjümler “terrorçylaryň ýene bir gezek ganly hüjüm gurnandygyny, emma olaryň öz ýaman niýetlerine ýetmejekdiklerini, owganlaryň arasyna agzalalyk salyp bilmejekdiklerini görkezdi” aýtdy.

ABŞ Owganystanda 20-nji oktýabrda we şu hepde bolan beýleki hüjümleri berk ýazgardy hem-de Birleşen Ştatlaryň şu hepde uran dron zarbalaryna 30 jeňçiniň öldürilendigini aýtdy.

"Bu manysyz we namart hüjümler biziň Owganystana ygrarlylygymyzy haýalçyratmaz” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Heather Nauertiň beýanatynda aýdylýar.

Owganystanyň azlykdaky şaýylary şu ýyl ençeme gezek terror hüjümleriniň nyşanasy boldy, bu hüjümleriň köpüsinde “Talyban”, “Yslam döwleti” topary we beýleki ekstremist toparlar aýyplandy.

Şaýy metjidine mundan öň edilen hüjüm Kabulda, 29-njy sentýabrda, musulmanlar Aşura baýramçylygyna, yslam kalendaryndaky mukaddes günleriň birine taýýarlyk görýän mahalynda boldy.

Ol hüjümde alty adam öldürildi.

Birleşen milletler guramasynyň soňky hasabatynda 2017-nji ýylda iň soňky hadysalardan öň şaýy metjitlerine we dini dabaralara edilen hüjümlerde şu wagta çenli azyndan 84 adamyň öldürilendigi, 194 adamyň ýaraly bolandygy aýdyldy.

Owgan ilatynyň 90 prosent çemesi sünni musulmanlary bolup durýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG