ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson ýyllara çeken dartgynlylykdan soň Saud Arabystany bilen Yragyň Riýad bilen Bagdadyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga bagyşlanan duşuşygyna gatnaşdy.
Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi we saud patyşasy Salman 22-nji oktýabrda, Birleşen Ştatlaryň sebitde Eýranyň täsirine garşy durmak tagallasynyň çäginde, Saud-Yrak utgaşdyryjy geňeşiniň inagurasiýa sessiýasyny geçirdiler.
Tillerson bu duşuşyk “siziň ýurtlaryňyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerine ünsi çekýär” diýdi.
Abadi, patyşa Salmanyň aýdan şuňa meňzeş sözlerini makullap, bu gepleşikleriň gatnaşyklary kämilleşdirmäge tarap ädilen möhüm ädimdigini nygtady.
"Biz öz sebitimizde ekstremizm, terrorizm ýaly biziň ýurtlarymyzy durnuksyzlaşdyrmaga synanýan çynlakaý howp-hatarlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys” diýip, saud patyşasy aýtdy. “Bu hili synanyşyklar biziň hemme taraplaýyn üns bermegimizi talap edýär”.
Tillerson Saud Arabystanyna 21-nji oktýabrda, Katary, Pakistany we Hindistany hem öz içine alýan alty günlük saparynyň başynda geldi.