Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýaly aktiwistler: YD-nyň söweşijileri 116 adamy öldürdiler


Siriýanyň demokratik güýçleriniň agzalary
Siriýanyň demokratik güýçleriniň agzalary

Siriýaly aktiwistler “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň Siriýanyň Al-Karýataýn şäherçesiniň kontrollygyny öz gözegçiliginde saklaýan mahaly, 116 adamy öldürendigini aýdýarlar.

“Yslam döwleti topary 20 günüň dowamynda ‘ar alyş öldürmelerinde’ azyndan 116 adamy öldürdi. Olary hökümet güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýypladylar” diýip, düýbi britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasynyň başlygy Rami Abdel Rahman 23-nji oktýabrda beren maglumatynda aýtdy.

20-nji oktýabrda Siriýanyň hökümet güýçleri Homs welaýatyndaky Al-Karýataýn şäherçesiniň kontrollygyny yzyna aldy. Bu waka “Yslam döwleti” topary agzalýan şäherçäni basyp alandan üç hepde soňa gabat geldi.

“Režim güýçleri şäherçäniň kontrollygyny yzyna alansoň, ýaşaýjylar adamlaryň jesetlerini köçäniň ugrundan tapdylar. Olar atylyp ýa-da pyçaklanyp öldürilipdirler” diýip, Abdel Rahman aýtdy.

Soňky iki ýylyň dowamynda “Yslam döwleti” topary Siriýadaky we Yrakdaky territoriýalarynyň kontrollygyny yzygiderli ýitirip başlady.

XS
SM
MD
LG