Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Eho Moskwy’ radiosynyň žurnalisti pyçaklanyp, keselhana ýerleşdirildi


“Eho Moskwy” radio stansiýasynyň baş redaktorynyň orunbasary we alyp baryjy Tatýana Felgengauer

Moskwada bir hüjümçi “Eho Moskwy” radio stansiýasynyň baş edarasyna hüjüm edip, radionyň baş redaktorynyň orunbasary we alyp baryjy Tatýana Felgengaueri pyçaklady.

Bu radionyň baş redaktory Alekseý Wenediktowyň 23-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, hüjümçi Felgengaueri damagyndan ýaralapdyr.

Hüjümçi radionyň howpsuzlyk işgärleri tarapyndan tussag edildi, Felgengauer keselhana ýerleşdirildi diýip, Wenediktow aýtdy.

Şeýle-de, ol radio stansiýanyň binasynda polisiýanyň iş alyp barýandygyny belledi.

Bu waka barada häzirlikçe goşmaça maglumat almak başartmady.

Özbegistanda doglan 32 ýaşyndaky Felgengauer tanymal rus žurnalisti we harby ekspert Pawel Felgengaueriň öweý gyzydyr.

XS
SM
MD
LG