Adam hukuklaryna syn edýän gazak guramasy mundan iki ýyl çemesi ozal ýigrenç aýyplamalary bilen dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Russiýa tarapdar aktiwistiň azatlyga goýberilendigini aýdýar.
Düýbi Almatyda ýerleşýän Gazagystanyň adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy baradaky býuronyň 23-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Ermek Taýçibekow türmede özüni gowy alyp barany üçin wagtyndan öň azatlyga goýberildi.
Agzalýan býuro Taýçibekowyň birnäçe gün öň türmeden boşadylandygyny belleýär.
2015-nji ýylyň dekabr aýynda Gazagystanyň günortasyndaky sud Taýçibekowy Facebook sosial ulgamynda “çişme” maglumatlary ýerleşdirmek we Gazagystanyň Russiýa goşulyşmagy baradaky pikiri goldamak arkaly etniki ýigrenji öjükdirmekde günäli tapypdy.
39 ýaşyndaky Taýçibekow özüniň günäsizdigini aýdyp, ýöňkelen aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny belläpdi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?