Çeçenistandaky bir harby bazada rus esgeri özüniň dört sany kärdeşini öldürdi.
Milli Gwardiýanyň berýän maglumatyna görä, hadysa Şelkowskaýa obasynyň golaýyndaky harby bazada ýüze çykypdyr. Esger atylyp öldürilmezinden ozal, birikmede ot açypdyr.
Dörän ýagdaý boýunça derňew başlandy.
Milli Gwardiýa howpsuzlyk güýçleri geçen ýyl prezident Wladimir Putin tarapyndan esaslandyrylypdy. Topar göni Putiniň garamagynda bolup, onuň esasy wezipeleri terrorizme we guramaçylykly jenaýata garşy göreşmekden ybarat.
Russiýanyň Kawkaz sebitinde resmilere we ýaragly güýçlere garşy ýygy-ýygydan hüjüm edilýär.